Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwri

16-01-2023 / 10

Döwlet Baştutanymyz: «Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik. Bu bolsa Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara bildirilen uly ynamdyr» diýip belledi. Arkadagly Serdarymyzyň sarpasyndan, Gahryman Arkadagymyzyň halypalyk mekdebinden, il-ulusymyzyň mährinden  boý alýan ýaşlar üçin bolsa bu ynamy haklamak perzentlik parzydyr.

Bu ajaýyp şygaryñ mazmunynda hem görnüşi ýaly, ýaşlaryň bagtyýarlygy Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda has-da rowaçlanýar. Bular dogrusynda söz açylanda, ilkinji nobatda, Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna açan ýolunyň giňligi, gözelligi, göwüngöterijiligi dogrusynda bellemeli. Eziz Arkadagymyzyň hemişe nazarynda duran ýaşlar syýasaty soňky ýyllarda has-da dabaralandy. Diýarymyzda sagdyn nesilleriň sany artyp, olaryň bilimlerini çuňlaşdyrmak, hünäre höweslendirmek, geljege ruhlandyrmak, ýeňişlerini gutlamak ýaly asylly ýörelgeleriň binýady berkedi. Ata-babalarymyzdan gelýän nesil terbiýesi ulgamy milli häsiýetde öňe sürüldi. Ösüp gelýän ýaş nesliň hemmetaraplaýyn sazlaşykly kämilleşmegine gönükdirilen taslamalar durmuşa geçirildi we abraýly menzillere ýetildi. Şunuň netijesinde Berkarar türkmen jemgyýetinde bagtyýar ýaşlaryň täze nesli kemala geldi. Bu gün olar ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, bilimde, sportda, oba hojalygynda, senagatda, telekeçilikde we beýleki ugurlarda dürli hünärlere eýe bolýarlar. Buýsandyrýan ýeri bolsa, bu gün ýaşlar türkmen jemgyýetine kök urup, durmuşda öz orunlaryny tapýarlar. Munuň özi merdana pederlerimiziň nesil dowamatynyň uzak geljegi nazarlaýandygynyň güwäsidir.

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda dowam edýän taryhy zamanada hem ýaşlara berilýän ünsüň ýokarlanýandygy, bu ugurdaky beýik başlangyçlaryň dowam etdirilýändigi ähli türkmenistanlylar üçin buýsançly ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiz döwlet ýolbaşçylygyna saýlanan pursatlaryndan bu ýörelgä aýratyn ähmiýet berip, taryhy çözgütleri kabul edýär. Geçen ýylda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kabul edilendigini mysal hökmünde bellemek bolar. Ýaşlar syýasatynyň kanuny ähmiýetini artdyrmak ýaly möhüm çärelere üns berilmegi bu ugurdaky işleriň has-da güýçlendirilmegine, hukuk taýdan kepillendirilmegine we binýadynyň berkemegine şert döredýär. Ýeri gelende bellesek, rejelen görnüşli bu Kanunyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» 1-nji ýanwarynda güýje girmegi bolsa aýratyn mazmuna eýedir.

Aýgözel REJEBOWA,
Türkmenistanyñ Döwlet energetika institutynyñ mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu