
Bilşimiz ýaly, “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzyñ” ilkinji günlerinde hormatly Prezidentimiz Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparyny amala aşyrdy. Geçmişde halkymyzyñ “Çyn-Maçyn” diýip atlandyran döwletine amala aşyrylan bu sapar taryhy ähmiýetli bolup, ýaşlaryñ durmuşyna hem oñyn täsirini ýetirer. Şonuñ üçin hem geljek hakyndaky söhbetlerde hem bu saparyñ wakalary buýsançly ýatlanar.
Iki ýurduñ ýolbaşçylarynyñ geçiren gepleşikleri, onuň jemleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam berjek möhüm resminamalaryň 16-syna gol çekilmegi bu saparyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny görkezýär. Türkmenistanyñ we Hytaýyň arasyndaky köptaraply we umumy bähbitli gatnaşyklary berkitmekde ýokary ähmiýete eýe bolan saparyñ çäklerinde ýaşlar syýasaty bilen baglylykda ylym-bilim meselelerine hem uly ähmiýet berildi.
Ýeri gelende bellesek, hormatly Prezidentimiziň Hytaýa döwlet saparynyň barşynda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersiteti bilen Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Pekiniň daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara gol çekildi. Bu resminamalar ylym-bilim ulgamy boýunça ozaldan hereket edýän döwletara ylalaşyklaryň üstüni ýetirip, täze gadamlary basmaga bolan ynamy berkidýär. Maglumatlara esaslansak, Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň hökümetara ylalaşygy esasynda Pekin, Şanhaý, Nanjin, Tianjin ýaly şäherlerde türkmenistanly ýaşlaryň 1200-den gowragy bilim alýandygyny hem bellemek bolar. Munuñ özi ýurdumyzda türkmenistanly ýaşlaryň kämil bilim almagy, giň gözýetimli, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryndan baş çykaryp bilýän hünärmenler bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet tarapyndan uly aladalaryň edilýändigini alamatlandyrýar.
Garaşsyz Türkmenistan bilen HHR-iñ arasyndaky özara gatnaşyklary täze derejä çykarýan şeýle başlangyçlar hem-de beýleki taslamalar geljekde iki ýurduñ hem-de sebitiñ ösüşini ilerleder. Umuman gazanylan ähli ylalaşyklar hem täze başlangyçlar halklaryñ syýasy, ykdysady, medeni ösüşine, şeýle-de ýaşlaryñ iş bilen üpjünçiligine hem oñyn täsirlidir. Gahryman Arkadagymyzyñ başyny başlan parahatsöýüji, hoşniýetli hem-de ählumumy bähbitli daşary syýasatyny dabaralandyryp, halkara gatnaşyklaryny barha rowaçlandyrýan Arkadagly Serdarymyzyñ işleri rowaç bolsun!
Rahmangylyç ANNAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



