Žurnalistiň sahypasy

Oba hojalygy ösüş ýolunda

15-01-2023 / 9

Häzirki taryhy döwürde milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalyk pudagy ösüşiň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen öňe barýar.

Arkadagly Serdarymyzyň oba hojalygyny düýpgöter özgertmek, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen oba zähmetkeşlerine ýakyndan ýardam bermegi bolsa oba hojalyk pudagynda zähmet çekýän kärendeçileriň göwün guşuny ganatlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny ösdürmek boýunça kabul edýän kararlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine ýardam berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň obasenagat toplumy milli ykdysadyýetimiziň örän möhüm pudagy bolup, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ýerini tutýan önümçiligi ýola goýmak we eksporta iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak boýunça döwlet maksatnamalarynda aýratyn orun eýeleýär. Obasenagat toplumyny ösdürmek üçin iri maýa goýum serişdeleri goýberilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň sebitlerini senagat taýdan okgunly ösdürmäge, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge we ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna getirýär.

Aýgözel ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Lebap welaýat Halaç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu