Žurnalistiň sahypasy

Milli ykdysadyýetimiz — ösüşiň kämil nusgasy

15-01-2023 / 6

Ösüşler, öňegidişlikler islendik ýurduň ykdysady kuwwatynyň ýeten belent derejesinden habar berýär. Ösüşiň, ilerlemäniň bar ýerinde rowaçlyk bar. Ýurtda şeýle döwletlilik höküm sürende, onuň dowamaty dowam bolýar, taryha ebedilik bolup ornaýar.

2022-nji ýyl Garaşsyz Türkmenistanyň täze taryhy eýýamynyň şanly sene ýazgysynyň üstüni ýetiren ajaýyp wakalara baý boldy. Tamamlanan «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik we medeni durmuşynda bolup geçen köp sanly il-ýurt, halkara ähmiýetli ýatdan çykmajak wakalaryň we amala aşyrylan özgertmeleriň hatarynda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurulmagyny we onuň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagyny hem-de bu şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berilmegini görkezmek bolar. Munuň özi ýurdumyzy bütinleý özgerdýän, ösdürýän beýik işleriň aýrylmaz bölegi bolup, Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny, parahatçylykly ösüş ýoluny aýdyňlyk bilen görkezýär.

Ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy» kabul edildi. Şu maksatnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde geçen ýylda hem jemi içerki önümiň durnukly ösüş depgini gazanyldy.

Ata Watanymyzyň yzygiderli ýokarlanýan ykdysady kuwwaty hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatynyň sazlaşykly amala aşýandygyny alamatlandyrýar. Geçen ýylyň ýanwar — noýabr aýlary boýunça jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,2 göterim derejesinde saklanandygy, önümleri öndürmegiň möçberiniň 11 göterim artandygy makroykdysady görkezijiler boýunça ýurdumyzyň dünýäde öňdebaryjy orunlary eýeleýändigini tassyklaýar. Bu bolsa Türkmenistanyň ykdysady taýdan üstünlikli we yzygiderli ösýän döwletdigini dünýä äşgär edýär.

Rejepbaý ALYMOW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu