Žurnalistiň sahypasy

Wa­ta­ny gül­led­ýär bag­ty­ýar ýaş­lar

13-01-2023 / 8

Ýur­du­myz­da her ýy­la my­na­syp at dak­mak asyl­ly dä­be öw­rül­di. Hal­ky­myz her tä­ze ýy­ly ak ar­zuw­lar, umyt­lar bi­len gar­şy­lap, ony ýö­ri­te şy­gar bi­len at­lan­dyr­ýar. Asyl­ly dä­bi­mi­ze eýe­rip, iri jem­gy­ýet­çi­lik bir­le­şik­le­rin­den we ra­ýat­la­ry­myz­dan ge­lip gowşan tek­lip­le­ri na­za­ra alyp, Türk­me­nis­ta­nyň Mil­li Ge­ňe­şi­niň Mej­li­si­niň ka­ra­ry bi­len 2023-nji ýyl «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýip at­lan­dy­ryl­dy.

2023-nji ýy­ly «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» di­ýip at­lan­dyr­mak ba­ra­da­ky çöz­güt hal­ky­myz­dan ge­lip gow­şan köp san­ly tek­lip­ler esa­syn­da ka­bul edil­di. Ýy­lyň ady iri jem­gyyet­çi­lik bir­le­şik­le­rin­de, zäh­met to­par­la­ryn­da, okuw mek­dep­le­rin­de, oba­dyr şä­her­ler­de ge­çi­ri­len mas­la­hat­lar­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Bu bol­sa gel­jek­de ýur­du­my­zy gül­le­dip ös­dür­jek, Wa­ta­ny­my­zyň ab­ra­ýy­ny has-da be­len­de gö­ter­jek ýaş­la­ry­my­za bil­di­ri­len uly ynam­dyr. Türk­me­nis­ta­nyň bag­ty­ýar gel­je­gi ýaş­lar bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň türk­men hal­ky­na Tä­ze ýyl Gut­la­gyn­da: «Biz hal­ky­my­zyň, şol san­da ýaş­la­ry­my­zyň wa­tan­sö­ýü­ji­li­gi­ne, ze­hi­ni­ne we yh­la­sy­na da­ýa­nyp, tä­ze ýyl­da-da eziz Wa­ta­ny­my­zy ro­waç­lyk­la­ryň ýur­du­na öwür­mek ug­run­da yh­las bi­len zäh­met çe­ke­ris» di­ýip nyg­ta­ma­gy hem ýaş­la­ra bo­lan yna­my ber­kid­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň be­lent yna­my­ny öde­mek her bir ýaş türk­me­nis­tan­ly­nyň mu­kad­des bor­ju­dyr. Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­la­ry­my­zyň şol ynam­dan göz­baş al­ýan be­ýik iş­le­re ab­raý bi­len höt­de gel­jek­dik­le­ri­ne tüýs ýü­rek­den ynan­ýa­rys.

Aýgül BEKIÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda) taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu