Žurnalistiň sahypasy

Milli demokratiýamyz ösüş ýolunda

13-01-2023 / 6

11-nji ýanwarda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatyny geçirip, onuň dowamynda Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek hakynda taryhy teklibi öňe sürmegi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz döwletimiziň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmekde möhüm ädime öwrüldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, adamyň we raýatyň hukuklaryny, azatlyklaryny, şol sanda raýatlaryň döwleti hem jemgyýeti dolandyrmaga gatnaşmaga bolan hukugyny kepillendirmäge täze mümkinçilikleri açýar. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyzyň bu başlangyjy ildeşlerimiziň gyzgyn goldawyna mynasyp boldy.

 Ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň oňyn netijelerine, jemgyýetçilik durmuşynyň dürli ugurlaryny ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalaryň amala aşyrylmagyna we olaryň çuňlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Hut şu nukdaýnazardan seredeniňde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döredilmegi, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işiniň bes edilmegi we kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan wekilçilikli edaranyň bir palatadan ybarat bolan Türkmenistanyň Mejlisine öwrülmegi bilen bagly meseleler hakynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki Karary ýurdumyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik-syýasy gurluşyny kämilleşdirmegiň ýolundaky täze tapgyry alamatlandyrýar diýip aýtmak bolar. Türkmenistanyň Halk Maslahatyny döretmek baradaky bu möhüm başlangyç halkymyzyň ýagty ertirlerine ynamyny has berkidip, kalplara nur çaýýar.

Berkarar Watanymyz bu gün beýik ösüşleri başdan geçirýär. Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda döwlet we milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde obalarymyz, şäherdir şäherçelerimiz özgerýär. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda uly sepgitlere ýetilýär. Ýurdumyzda döwlet häkimiýet edaralarynyň düzümleriniň yzygiderli kämilleşdirilmegi hem Watanymyzy ösüşleriň täze derejesine çykarmagyň ýolunda möhüm ähmiýete eýe bolar.

Erkin NYÝAZOW,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň baş hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu