Žurnalistiň sahypasy

Sarpalydyr Watanyny sarpalan

27-nji ýanwar —Watan goragçylarynyň güni

13-01-2023 / 19

Halkymyzda hemişe-de ýurduny söýer nesiller, watançy gerçekler uly sarpa eýe görülýär. Çünki olar öz mukaddes ýurduny eý görýärler, goraýarlar. Munuň şeýledigine Garaşsyz Türkmenistanda Watan goragçylarynyň gününiň ýokary derejede baýram edilmeginiň mynasylynda hem göz ýetirmek bolýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem Watan goragçylaryna döredilýän mümkinçilikleriň hem şertleriň geriminiň giňeýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Yzygiderli häsiýetde  mili goşunymyzyň binýady berkidilip, Watan goragçylarynyň gulluk şertleri döwrebaplaşdyrylýar. Häzirki wagtda ýurduň merdana ogullary amatly şertlerde gulluk etmäge, watançylyk duýgy-düşünjelerini berkitmäge uly mümkinçilikler alýarlar. Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän esgerlerden başlap, şahsy düzümiň ähli agzalarynyň durmuş we gulluk şertlerini ýokarlandyrmak ugrunda edilýän aladalar döwletimiziň goraglylygynyň mynasyp derejede üpjün edilmeginiň bähbidine gönükdirilýär. Döwlet berkarlygyny, halkymyzyň abadan durmuşyny goramak ugrunda alnyp barylýan asylly işlere mynasyp goşant goşmak bolsa uly bagtdyr. Beýik pederlerimiziň, ýurt goran gerçeklerimiziň ruhundan hyruç alyp, döwletiň polat galkanyna öwrülmek türkmen pezendi üçin belent derejedir, mertebedir.

Sebäbi ýurduň goragy lebzihalal, iýen duzuna ygrarly, il-halkyna wepaly nesillere ynanylýar. Şeýle mukaddes ynamyň eýeleri bolan harby gullukçylaryň sarpasynyň belent tutulmagy bolsa, bizi täze başlangyçlara ataryp, egsilmez güýç-kuwwatyň gujagyna iterýär.

Bilşimiz ýaly, jemgyýetiň hem döwletiň ösüş strategiýasy bilen birlikde, goranyş häsiýetli Harby doktrinamyz hem berkidilýär. Şoňa görä-de ýurt goragyny üpjün etmäge gönükdirilen döwrebap taslamalaryň durmuşa geçirilmegi degişli hünärleriň kämilleşdirilmegini, hünärmenleriň ýetişdirilişiniň ösdürilmegini hem talap edýär. Şu nukdaýnazardan hem sanly ulgamyň işjeň peýdalanylýan döwründe harby gullukçylara berilýän ýokary hünär bilimi çuňlaşdyrylyp öwredilýär. Harby tär-tilsimleri ussatlyk bilen ele alýan harby gullukçylaryň döwrebap bilimleri özleşdirmekleri hem mynasyp derejede gazanylýar. Harby gullukçylaryň hünärlerini kämilleşdirmek ugrunda okuw-sapaklary, maslahatlar, duşuşyklar we tejribe alyşmalar yzygiderli dowam etdirilýär.

Harby bilimiň binýadynyň berkden berkidilýändigini bolsa geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň ak patasy bilen Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň täze binalarynyň düýbüniň tutulmagynyň mysalynda hem görmek bolýar.  Munuň özi şu ugurda kämil hünärli, ýurda söýgüli Watan goragçylarynyň sanynyň artdyrylmagyna we olaryň ussatlyk mekdebinde kemala gelmegine täze şertleriň döredilýändiginiň nyşanydyr.

 

Garaşsyz, baky Bitarap ýurduň goragçylarynyň gulluk we hünär şertleri bilen birlikde, durmuş mümkinçilikleri ugrunda hem uly aladalaryň edilýändigini bellemek gerek. Häzirki döwürde Watan goragçylary we olaryň maşgala agzalary durmuş ýeňilliklerinden,  döwrebap ýaşaýyş şertlerinden işjeň peýdalanýarlar. Harby gullukçylary üçin niýetlenilen gulluk ýaşaýyş jaýlarynyň täze binalarynyň, durmuş ugurly beýleki desgalaryň gurlup ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň mysalydyr. Şeýle ajaýyp binalarda bagtyýar watançy maşgalalaryň ömür sürmegi, geljekki ýurt gorajak nesilleriň sanynyň köpelmegi, olaryň bagtyýar ruhda sazlaşykly ösmegi ugrundaky aladalaryň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilýändigi örän buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň: «Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrarys» diýen sözleri bolsa bu babatdaky işleriň geljek-de hem rowaçlanjakdygynyň güwäsidir.

Ýeri gelende bellesek, şanly senelerde we taryhy günlerde Watan goragçylaryna döwlet sylaglary hem yzygiderli gowşurylýar. Harby gullukçylara alyp baran işlerine, tapwutlanan taraplaryna laýyklykda hünär derejeleri, harby atlary berilýär.  Olaryň Şa serpaýlary, abraýly döwlet sylaglary bilen sylaglanmagy, ýokary derejede  mähriban Watanymyzda merdana ýurt goragçylaryna uly hormat-sarpa bilen garalýandygyny ykrar edýär.

Hawa, biziň her birimiziň kalbymyzda şu mähriban topragymyza bolan synmaz söýgi bar. Durkumyzda, dünýämizde şu Watanyň ady bar. Süňňümizde, ganymyzda ata Watanyň ruhy güýji, kuwwaty gaýnaýar. Eziz ýurdumyza mynasyp bolup, eden kasamymyza wepaly nesiller hökmünde parahatçylygy, howpsuzlygy, asudalygy, abadanlygy, Diýar serhetleriniň eldegirilmesizligini, milli gymmatlyklarymyzy jandan–tenden goramaga bolan höwes hem maksat Watan goragçylaryny täze menzillere tarap ynamly gadam urmaga atarýar. Şeýle gaýratlylygyň gözbaşynda bolsa, «Mertler Watany beýgeldýär» diýip mertlik mekdebini döreden Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasadynyň  ägirt uly nusgasynyň bardygyny bellemek buýsançlydyr.

Merdana pederlerimizden geçip gelýän milli watansöýüjiligi baýdak edinip, Watany goramagyň mukaddesligini pugtalandyrýan Arkadagly Serdarymyza – hormatly Belent Serkerdebaşymyza alkyşlarymyzyň soňy ýokdur.

Allaberdi ORAZDURDYÝEW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu