SliderŽurnalistiň sahypasy

Jigerimizde jansyň Watan!

27-nji ýanwar―Watan goragçylarynyň gününe

13-01-2023 / 14

Ata Watan ähli mukaddeslikleriň başy hasaplanýar. Şonuň üçin hem onuň goragy-da mukaddes saýylýar. Watan goragynyň iýen halal duzuňy haklamak bilen baglanyşdyrylmagy hem onuň keramatlyk güýjüniň güwäsidir.

Öz topragynyň, halkynyň öňündäki borjuny duýmak, ony berjaý etmek ýaly asylly wezipeler nesilleri hakyky şahsyýete öwürýär. Behişdi Diýarymyzyň her bir daban ýerini gözleriň göreji kimin goramak — biziň perzentlik parzymyz. Bu bize atalarymyzyň wesýeti, danalarymyzyň pähim-parasady, enelerimiziň hüwdüsi bilen geçipdir. Watany söýmegiň belent nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyz hem bu hakykaty şeýle teswirleýär: «Her bir türkmen maşgalasynyň perzendine berýän öwdi Watany eý görmekdir».

Watany ezizlemek duýgusy, watançylyk söýgüsi bilen ýaşamagyň lezzeti hem başgaça. Ýurda bolan söýgä bolsa möwjemek, süýjemek, güýjemek mahsusdyr. Muny ýurdundan alysdakylar,Watana berlenler, onuň goragyny ömürlik kesbi saýanlar has-da ýiti duýýan bolsa gerek. Çünki mähriban ýurduň goragyna çykan merdana türkmen gerçekleriniň görejinde-de, gujurynda-da Watan yşky görünýär. Olaryň kalbyna seredip eziz ýurduň didaryny görmek mümkin.

Ata Watan öz ogullaryna şeýle bir buýsanç bagyşlaýar. Ol buýsanjy başynda göterýän her bir nesil belentde parlaýan Tugundan medet tapýar, günleriniň rahatlygyndan ynjalyk alýar, ösüşleriniň güýjünden ylhamlanýar. Watan şeýle ogullar üçin dünýäden hem giňdir, ähli hikmetlerden hem geňdir.

Hawa, şu mukaddes Diýar biziň her birimiz üçin hemme gymmatlyklaryň gözbaşy. Ol şu barlykdaky baýlyklaryň bir ýere jemlenmesi, ähli gadyrly zatlaryň bitewi görnüşi. Şonuň üçin hem bu ýerleri pederlerimiz gözden, dilden gorap, şu günüň nesillerine miras goýupdyrlar. Asylzada atalarymyzyň aýap-apalan mukaddes topragynyň şöhraty bolsa bu günki günde has-da dabaralanýar. Watan sarpasy arşa göterilip, onuň ady jahan içre şöhratlanýar. Bu ýurduň mähir-muhabbeti, abraý-mertebesi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň paýhasy bilen has-da rowaçlanýar.

Hormatly Prezidentimiz: «Täze döwrüň röwşen ýolunda ak ýüreklilik we wepalylyk bilen Watana gulluk etmek, Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň binýatlyk esaslaryny berkitmek, gazanylýan üstünliklere goşant goşmak biziň mukaddes borjumyzdyr» diýip, bizi watansöýüjiligiň has aýgytly gadamlaryny basmaga çagyrýar. Bu sözler her türkmen raýatyna, hususan-da Watan goragçylaryna egsilmez ruhy güýji hem-de zähmet kuwwatyny bagyşlaýar.

Ýeri gelende bellesek, ýurduna söýgüsi gursagynda gaýnaýan perzentleriň, ärleriň hem gerçek ogullaryň hormaty bolsa belentde tutulýar. Ata-babalarymyzyň ser goýup goran ýerlerini, enelerimiziň senaly hüwdüleriniň ýaňlanan ojaklaryny goramak ýaly iň asylly borjy bitirýän merdana ýurt goragçylaryna bildirilýän belent ynamyň özi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Her ýylyň 27-nji ýanwarynda — Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň döredilen gününde Watan goragçylarynyň gününiň baýram edilýändigi hem munuň ýene-de bir ykrary. Şu şanly sene watansöýüjiligiň, milli mertebeliligiň, mäkäm goraglylygyň, döwletliligiň toýy hökmünde Garaşsyz Türkmenistanyň baýramçylyk senenamasynda aýratyn orny eýeleýär.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda»  hem mynasyp bellenilýän şu şanly sene bilen bolsa ähli Watan goragçylaryny, eziz ýurdy söýmegiň kämil mekdebini döreden Gahryman Arkadagymyzy, ýurt goragyny pugtalandyrýan hormatly Belent Serkerdebaşymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys.

Kakajan AÝYTJANOW,
Mary welaýat gümrükhanasynyň harby gullukçysy, kapitan.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu