Žurnalistiň sahypasy

Ýaş­la­ra ynam — gel­je­ge ynam

13-01-2023 / 12

Şöhratly ýylymyzyň «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» diýip at­lan­dy­rylmagy her bir ynsany buýsandyrýar. Bu, il­kin­ji no­bat­da, ýaş­lar, gel­je­gi­miz bo­lan ýaş ne­sil­ler ha­kyn­da­ky ala­da­nyň dur­muş sy­ýa­sa­tyn­da da­ba­ra­lan­ýan­dy­gy­ny, ýaş­la­ra bil­di­ril­ýän yna­myň ulu­dy­gy­ny gör­kez­ýär. Çün­ki ýaş­lyk­da güýç bar, kuw­wat bar.

Döw­let­li ýo­luň ak gel­je­ge do­wam bol­ma­gy üçin türk­men ýaş­la­ry­na bil­di­ril­ýän ynam ýo­ka­ry. Şol yna­my öde­mek, ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne öz my­na­syp go­şan­dy­ňy goş­mak, dö­re­di­ji­lik­li zäh­met çek­mek ýaş­lar üçin parz­dyr. Halk bäh­bit­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­myz bi­ze gö­rel­de.

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz: «Ýaş­lar bi­ziň gel­je­gi­miz­dir» diý­mek bi­len, ýaş­la­ra uly ynam bil­dir­ýär. Ge­çen ýy­lyň 1-nji sent­ýab­ryn­da ge­çi­ri­len Türk­me­nis­ta­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Ýaş­lar gu­ra­ma­sy­nyň VII gu­rul­ta­ýyn­da «Ýaş­lar ba­ra­da döw­let sy­ýa­sa­ty ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nu­ny (re­je­le­nen gör­nü­şi) tas­syk­lan­dy. Bu Ka­nu­nyň kä­mil­leş­di­ril­me­gi we döw­re­bap­laş­dy­ryl­ma­gy ýaş­lar sy­ýa­sa­ty­nyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy­ny has-da ber­kit­di.

Ýaş ne­sil­le­ri wa­tan­çy­lyk ru­hun­da ter­bi­ýe­le­mek­de ola­ryň bi­lim al­mak­la­ry, dö­re­di­ji­lik we sport bi­len meş­gul­lan­mak­la­ry, ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar­dan oňat baş çy­kar­mak­la­ry, maş­ga­la gym­mat­ly­gy­na dü­şün­me­gi döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň esa­sy ug­ru­dyr. Ylym­ly-bi­lim­li ýaş­la­ryň ke­ma­la gel­me­gi ug­run­da hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň alyp bar­ýan sy­ýa­sa­ty ro­waç­lyk tap­ýar. Türk­men ýaş­la­ry öz­le­ri­niň ukyp­dyr ba­şar­nyk­la­ry­ny ders bäs­le­şik­le­rin­de, hal­ka­ra olim­pia­da­lar­da, sport­da ga­zan­ýan ne­ti­je­le­rin­de gör­kez­mek bi­len, ýur­du­my­zyň ösü­şi­ne go­şant goş­ýar­lar. Paý­tag­ty­myz­da we we­la­ýat­lar­da tä­ze ça­ga­lar bag­la­ry­nyň, umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep­le­riň açyl­ma­gy, ola­ryň ösen teh­no­lo­gi­ýa­lar bi­len üp­jün edil­me­gi ýaş­la­ryň ylym­ly-bi­lim­li bol­ma­gy ug­run­da edil­ýän ala­da­nyň su­but­na­ma­sy­dyr.

2023-nji ýyl «Ar­ka­dag Ser­dar­ly bag­ty­ýar ýaş­lar ýy­ly» şy­ga­ry as­tyn­da geç­ýär. Ber­ka­rar döw­let­de bag­ty­ýar ýaş­la­ra bil­di­ril­ýän uly ynam buý­san­dyr­ýar, gu­wan­dyr­ýar. Goý, 2023-nji ýy­ly­my­zyň her bir gü­ni ro­waç­lyk­la­ra bes­len­sin! Türk­men ýaş­la­ry­na bil­di­ril­ýän ynam özü­niň mi­we­si­ni be­rip, ta­ryh sa­hy­pa­la­ry­na buý­sanç bi­len ýa­zyl­syn!

Reýimbaý TAJIMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu