
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlarymyzyň durmuşynda bagtly pursatlara beslenýär. Ajaýyp ýylymyzyň şygarynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi hem munuň şeýledigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Ýaşlar syýasatynyň üstünlikli durmuşa ornaşdyrylmagy bilen, ýaşlarda milli däp-dessurlarymyza, edim-gylymlarymyza, baý medeni mirasymyza çäksiz söýgini kemala getirmekde, olaryň sarpalanmagyny we gorap saklanylmagyny gazanmakda rowaç ädimler ädilýär. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagynda: «Garaşsyz Watanymyza buýsanjymyzy, nurana ertirlere ynamymyzy, aýdyň maksatlarymyzy belentde tutup, biz ýetip gelen 2023-nji ýyla «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip at berdik» diýen sözleriniň many-mazmuny juda çuňdur.
Ýylymyzyň şygarynyň bagtyýar ýaşlar bilen baglanyşdyrylmagynyň örän uly manysy bar. Ýaşlar döwrümizi täze-täze belentliklere ýetirmegiň arzuwynda ýaşaýarlar. Olarda öz maksatlaryna ýetmäge, döwrebap bilim almaga, işlemäge, döretmäge, dürli ugurlarda ýurdumyz üçin bähbitli hyzmatdaşlygy amala aşyrmaga ukyp-başarnyk ýeterlik. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň batly ösüşlerini üstünlikli dowam etdirmek üçin döredilen binýat berk, ýollar giň we açyk. Biri-birinden zyýada gelýän ýyllarymyz, ajaýyp zamanamyz jemgyýetde her birimiziň öz mynasyp ornumyzy tapmak, ygtybarly geljegimizi üpjün etmek üçin ajaýyp mümkinçilikleri açýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri beýik işleriň, ajaýyp başlangyçlaryň döwri. Her bir raýatyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ýurdumyzda alnyp barylýan syýasatyň düýp özeni. Ýylymyzyň şygaryny ýoluna şamçyrag eden ildeşlerimiziň her biri häzirki günlerde Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda durmuşa geçirilýän düýpli özgertmelere, ata Watanymyzyň abadançylygynyň, il-günümiziň bagtyýarlygynyň, dünýäde parahatçylygyň bähbidine gönükdirilen asylly işlere saldamly goşant goşmak ugrunda täze zähmet üstünliklerine galkynýar.
Ylymly-bilimli, gujur-gaýratly, ussat we ugurtapyjy ýaşlary ýetişdirmek häzirki döwrüň möhüm talabydyr. Çünki olar geljekki ösüşlerimiziň, ata Watanymyzyň ýagty ertirleriniň binýadyny goýjak şahsyýetlerdir. Şunuň bilen baglylykda, ylmy-tehniki ösüş nukdaýnazaryndan çalt depginler bilen özgerýän häzirki dünýäniň täzeliklerine uýgunlaşyp, ylmyň iň soňky gazananlaryny özleşdirmek arkaly döwür bilen aýakdaş gitjek bilimli ýaşlary kemala getirmek döwrüň derwaýys meseleleriniň hatarynda durýar. Bu bolsa her bir ýurduň geljegi bolan ýaşlar babatynda alnyp barylýan döwlet syýasaty we onuň ylym-bilim ulgamy bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Aýdyn KURÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň maldarçylyk kafedrasynyň mugallymy.
Hojamät AŞYRMEDOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň weterinar lukmançylygy hünäriniň 1-nji ýyl talyby.



