
Tutuş türkmen halkynyň ýagşy niýetler bilen gadam basan 2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň türkmen ýaşlaryna bildiren uly ynamyndan nyşandyr.
Arkadagly Serdarymyz türkmen ýaşlarynyň güýjüne, yhlasyna, başarnygyna uly ynam bildirýär. Hut şonuň üçinem hormatly Prezidentimiz her bir çykyşynda ata-babalarymyzyň şöhratly ýoluny dowam etdirmekde, Watanymyzyň bagtyýar geljegini berkarar etmekde ýaşlaryň güýjüne daýanylýandygyny aýratyn nygtaýar.
Arkadagly Serdarymyzyň geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň beýik geljeginiň binýadyny has-da berkitdi. Bu taryhy gurultaýda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi galkynyşly taryhy eýýamda ýaşlara döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň badalgasy boldy. Kanunda ýaşlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy geljegine umyt baglanýan ýaş nesilleriň ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi.
Ýylymyzyň juda ýerine düşen şygary biziň her birimiziň döwletimiziň ösüşi, halkymyzyň nurana geljegi ugrundaky asylly maksatlarymyzda güýjümize güýç, gaýratymyza egsilmez gaýrat goşdy. Şeýle-de türkmen ýaşlaryny hormatly Prezidentimiziň şahsy göreldesine eýerip, tutumly ýörelgelerini baýdak edinip, has-da döredijilikli, gaýratly işlemäge ruhlandyrdy.
Gülbahar BEŞIMOWA,
TMÝG-niň Dänew etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.



