Žurnalistiň sahypasy

Ýylyň şygary – döwrüň çyragy

10-01-2023 / 9

Kalby joşgundan, ýüregi buýsançdan doly agzybir halkymyz Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly ruhubelentlik bilen garşylady. Şanly ýylymyzyň ýaşlaryň durmuşy bilen baglanyşykly ajaýyp şygara beslenmegi ähli halkymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi.

Ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça geçirilýän dürli bäsleşikler ylma, bilime teşne, sporta höwesli ýaşlarymyzyň hatarynyň barha artmagyna getirýär. Bu bolsa sagdyn hem-de kämil şahsyýetleri kemala getirmekde möhüm ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda häzirki wagtda ýaşlary goldamak boýunça durmuşa geçirilýän işler döwrümiziň belent ruhy joşguny bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ýaşlaryň galkynan ajaýyp eýýamy boldy. Bosagadan ätlän 2023-nji ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaşlara täze güýç, egsilmez ylham berdi.

Arkadagly Serdarymyzyň geçen ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyna gatnaşyp, ýaşlarymyzyň bagtyýar geljegini üpjün etmek boýunça öňde goýan wezipeleri ýurdumyzyň beýik geljeginiň binýadyny has-da berkitdi. Bu taryhy gurultaýda hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi galkynyşly taryhy eýýamda ýaşlara döredilýän ajaýyp mümkinçilikleriň badalgasy boldy. Kanunda ýaşlarymyz üçin birnäçe ýeňillikleriň göz öňünde tutulmagy geljegine umyt baglanýan ýaş nesilleriň ýürek arzuwlarynyň wysalyna öwrüldi.

Ajaýyp döwürde ýaşamagam, ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna zähmet çekmegem bagtlylykdyr. Şeýle bagtyýarlygy eçilýän döwrümiziň özi beýikdir. Bu zamana beýik ösüşleriň, özgerişleriň zamanasydyr.

Annagözel REPOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu