Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan — Hytaý: söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ösdürilýär

06-01-2023 / 13

5-6-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Türkmenistan Hytaý bilen BMG-niň çäginde giň gerimli gatnaşyklara eýedir. Şeýle hem iki ýurt Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlislerinde, sammitlerinde hem pikirdeşligi bilen tapawutlanýar. Ýurtlarymyz «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitlerinde hem birek-biregiň tekliplerini, başlangyçlaryny goldaýan döwletler hökmünde çykyş edýärler.

Türkmenistandan Hytaýa eksport edilýän önümleriň esasylary tebigy gaz, nebit önümleri, pagta süýümi, matalar, nah ýüplük, taýýar dokma önümleri, buýan köküniň toşaby, deri çig mallary we deri, ýüň, duz, kükürt, sement we beýlekilerdir.                   

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynda gaz pudagy aýratyn orun eýeleýär. Ýurtlaryň ikisi-de ýangyç-energetika toplumynda birek-biregi möhüm hyzmatdaş hasaplaýar. Dünýäde iň iri gaz geçiriji bolan, 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanyşa berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisini häzirki şertlerde biziň ýurtlarymyzyň we halklarymyzyň dostlugyny pugtalandyrýan Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden dikeldilmegi diýip atlandyrsa bolar. Bu taslamanyň mümkinçilikleri barada 2022-nji ýylyň sentýabr aýynda Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde hormatly Prezidentimiz bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygynyň arasyndaky duşuşykda hem aýratyn üns berildi.

HHR-den ýurdumyza getirilýän harytlaryň sanawynda tehnologiki enjamlar, gara metaldan önümler, elektrik maşynlar we enjamlar, demir ýol lokomotiwleri we beýleki ulag serişdeleri, abzallaryň dürli görnüşleri, derman serişdeleri bar. 2014-nji we 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Pekindäki Ilçihanasynyň ýanynda Söwda wekilhanasynyň we Hytaýda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň resmi wekilhanasynyň açylmagy biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky haryt dolanyşygynyň möçberiniň ep-esli artmagyna ýardam etdi.

Güljeren ATAÝEWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu