SliderŽurnalistiň sahypasy

Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze sahypasy

05-01-2023 / 8

Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän oňyn başlangyçlary, alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty döwletleriň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet sapary dost-doganlygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň mizemez däpleriniň üstünlikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň beýanyna öwrüler.

Hytaý ata-babalarymyzyň geçmişde deňli-derejeli gatnaşyk eden ýurdy. Iki gadymy we beýik halklaryň käbir taýpalary taryhyň käbir döwürlerinde  goňşuçylykda ýaşap, biri-biri bilen has ysnyşykly söwda, ykdysady gatnaşyklarda bolupdyrlar.

Ata-babalarymyzyň döreden döwletleriniň köpüsiniň – hun türkmenleriniň, göktürkmenleriniň, garahanly we seljuk türkmenleriniň döwletleriniň bir serhedi Hytaýda dörän döwletler bilen goňşuçylykda ýerleşip, olaryň arasynda diplomatik we harby-syýasy, medeni gatnaşyklar alnyp barlypdyr.

Bu iki dostlukly döwletiň ykdysady  mümkinçilikleri diňe bir türkmen we hytaý halklarynyň bähbitlerine däl, eýsem tutuş adamzadyň isleglerine  gönükdirilendir. Türkmenistanyň daşary söwda dolanyşygynda Hytaý  öňdäki orny eýeleýär. Türkmen eksportynyň mümkinçiligi geçen ýyllardaka garanyňda ençeme esse artdy, şol bir wagtdan importyň möçberi örän azaldy. Türkmenistan Hytaýdan önümçilik-tehniki enjamlary, metallary, demir ýol ulag serişdelerini we beýleki harytlary alýar. Hytaý bolsa Türkmenistandan ägirt uly möçberde gaz ýangyjyny  satyn alýar.

HHR Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinji bolup ykrar eden döwletleriniň biridir. Biziň gatnaşyklarymyz geçen ýyllaryň içinde has-da  berkedi we täze giňişliklere çykaryldy.

Mekan ROZYÝEW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu