Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — bagtyň şäheri

05-01-2023 / 24

Güneşli Diýarymyzda asuda, abadan durmuşda ýaşaýan merdana halkymyzyň her güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezine şäher derejesini bermek we oňa «Arkadag şäheri» diýip at dakmak baradaky karary toýly günleriň şatlygyny goşalandyryp, bagtyýar halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrdy.

«Akylly» şäher ulgamy esasynda dolandyrylýan şäheriň kemala getirilmegi döwrüň talaplaryndan ugur almak hem-de ekologik taýdan arassa gurşawy döretmek maksady bilen amala aşyrylan iri taslamadyr. Bu iri möçberli taslamanyň üstünlikli amala aşyrylmagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň birnäçe işleri durmuşa geçirmegi, onuň gurluşygy bilen ýygy-ýygydan tanşyp, özüniň gymmatly maslahatlaryny bermegi şäheriň gurluşygynyň dünýä ülňüleriniň talaplaryna laýyklykda alnyp barylmagyna şert döretdi.

Arkadag şäheri ýurdumyzdaky ilkinji «akylly» şäherdir. Şäherde tebigy gözelligi gorap saklamak maksady bilen, «ýaşyl» tehnologiýalar giňden ulanyldy. Sanly tehnologiýalaryň, intellektual ulgamlaryň ornaşdyrylmagy «akylly» şäher konsepsiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Halkymyzda ýol, köpri gurmak, bina galdyrmak sogap iş hasaplanýar. Bu düşünje asyrlaryň dowamynda sünnälenip, asylly ýörelgä öwrülip, milli gymmatlyk hökmünde biziň günlerimize ýetip gelipdir. Ata-babalarymyzyň döwletlilik ýörelgelerine uly sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu gün sebitde deňi-taýy bolmadyk täze, döwrebap şäher döredi. Watanymyzyň, halkymyzyň beýik geljegine gönükdirilen döwletli tutumlar ildeşlerimiziň her biriniň kalbynda buýsanç, guwanç duýgusyny döredýär.

Begnazar REJEPOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu