Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwri

05-01-2023 / 11

2023-nji ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy halkymyzda uly buýsanç döretdi, ýaş nesilleriň ata Watanymyza bolan söýgüsini, döredijilikli durmuşa bolan höwesini, zähmete bolan yhlasyny has-da artdyrdy.

Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky döwlet syýasaty ýaş türkmenistanlylaryň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik hem-de ruhy kuwwatyny jemgyýetiň, döwletiň bähbitlerine ulanmaga mümkinçiliklerini giňeltmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir. Şoňa görä-de, ýetip gelen 2023-nji ýylyň şygarynyň halkymyzyň teklibi esasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr. Munuň özi nesilleriň jebisligini, agzybirligini, berkararlygyny, asudalygyny we ösüşleriň täze, okgunly gadamyny aňladýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Häzirki wagtda ýurdumyzyň ilatynyň esasy bölegini Garaşsyzlyk ýyllarynda kemala gelen ýaş nesiller düzýär. Biz ýaşlara eziz Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde garaýarys» diýen sözleri ýaşlaryň jemgyýetçilik-syýasy işjeňligini has-da ýokarlandyrdy.

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» ýaşlara bildirilýän uly ynamyň döwrüdir. Döwletimiziň ýaş nesillerine okamaga, öwrenmäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Laçyn MIRABOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu