Žurnalistiň sahypasy

Ulag diplomatiýasynyň üstünlikleri

05-01-2023 / 9

Döwletimiz parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, sebit hem-de dünýä möçberinde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli esasy meseleleriň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça umumy tagallalary birleşdirmäge işjeň gatnaşýar. Beýleki döwletler bilen ýakyn hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynda sebitiň ulag-kommunikasiýa ulgamlaryny döretmek wajyp meseleleriň biridir. Ýurdumyzda döwrebap ulag-üstaşyr logistika düzüminiň kemala gelmegi gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikelmeginde möhüm ähmiýete eýe bolup, milli ykdysadyýetimiziň ösüşine kuwwatly itergi berýär.

Diýarymyzyň ähli künjeginde dünýä derejesine laýyk gelýän awtoýollar, awtobanlar, üstaşyr köprüler, yşykly çatryklar, ýerasty we ýerüsti geçelgeler, awtoduralgalar we beýleki desgalar yzygiderli bina edilýär. Welaýatlarymyzda ýaşaýyş üçin ähli amatlyklary bolan etraplar, obadyr şäherçeler döredilip, täze ýollar, köprüler, medeni-durmuş maksatly binalar gurulýar. Ilatly ýerlerde dürli kysymly ulaglaryň sany barha artýar.

Döwletimizde ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň çäklerinde ulag düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmak, Türkmenistanyň çäginden geçýän halkara ähmiýetli ýollary diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan giň gerimli maksatnamalary bu günki günde ýurt Baştutanymyz tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýär.

Geografik taýdan örän amatly — Merkezi Aziýanyň üstünden geçýän sebit we sebitara gatnaw ýollarynyň çatrygynda ýerleşýän Türkmenistan ägirt uly logistik kuwwata eýedir. Häzirki wagtda ýurdumyzda Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag taslamalary amala aşyrylýar. Bu taslamalar Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi bolan Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrýar. Dünýäde durnukly ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegi boýunça ählumumy maslahatlar, forumlar yzygiderli geçirilip durulýar. Bu işleriň sakasynda duran, ýurdumyzy ösüşiň täze belentliklerine tarap alyp barýan, il-halkyny bagtyýar durmuşda ýaşadýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleri rowaçlyklara beslensin!

Ýazgül MEREDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu