Žurnalistiň sahypasy

Saglyk bolar bu durmuşyň gözbaşy

05-01-2023 / 65

Ata Watanymyzda halkymyzyň saglygy we abadançylygy ähli zatdan ileri tutulyp, her bir raýatyň saglygynyň goraglylygyny güýçlendirmek, ömür dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini pugtalandyrmak babatda giň gerimli işler ýaýbaňlandyrylýar. Biz bu hakykata «Arkadag şäheri» adyny alan Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynyň mysalynda-da aýdyň göz ýetirýäris.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen, bu ýerde gurlan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezine lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine tanymal şahsyýet, birnäçe döwlet sylaglarynyň eýesi, lukmançylyk ylymlarynyň doktory Saçly Dursunowanyň, Halkara atçylyk akademiýasyna meşhur seýis, ussat atşynas, şan-şöhraty dünýä dolan ajaýyp ahalteke bedewleriniň ugurbaşy nesillerini döreden halypa seýis Aba Annaýewiň, Ahal atçylyk sirkine batyrlygyň, mertligiň nusgasy hökmünde taryha giren, türkmen halkynyň milli gahrymany Göroglynyň adynyň dakylmagy şu günki ýaş nesillerimizi sagdynlyk, ruhubelentlik, halallyk, zähmetsöýerlik, watançylyk ruhunda terbiýelemekde aýratyn ähmiýete eýedir.

Täze şäherde köpugurly hassahananyň, «Tiz kömek» merkeziniň, Ahal welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň gurulmagy hem ynsan saglygyny goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlän Gahryman Arkadagymyzyň, bu işleri mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň halkymyz barada edýän aladalarynyň netijesidir. Bu ýerde hormatly Arkadagymyzyň maslahatlary esasynda Ahal welaýat Saglyk müdirligini döretmek, «Saglyk» seýilgähini gurmak boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy hem guwandyryjy ýagdaýdyr. 

Taryhdan belli bolşy ýaly, ata-babalarymyz jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlanmagyna, nesilleriň beden we ruhy taýdan sagdynlygyna, şol sanda atçylyk sportuna we at münmek arkaly keselleri bejermäge — ippoterapiýa aýratyn üns beripdirler. Şunda seýisçilik, çapyksuwarlyk sungatyny ösdürmek ugrunda irginsiz tagalla edilipdir. Bu işde ajaýyp ahalteke bedewleriniň ähmiýetli orny bolupdyr. Bu günki gün ýurdumyzda milli atşynaslyk sungaty we atçylyk sporty hemmetaraplaýyn ösdürilýär. Gözbaşyny gadymy Ahal ýaýlasyndan alyp gaýdýan ahalteke bedewlerimiziň gözellikde, ýyndamlykda ýeten belent derejeleri dünýä jemgyýetçiliginde giňden ykrar edilýär. Milli seýisçilik sungatynda bitirilen işler meşhur seýis Aba Annaýewiň halkymyzyň öňünde bitiren belent hyzmatlarynyň mysalynda giňişleýin, ylmy esasda öwrenilýär.

Geldimyrat SAÝYPOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň Harby meýdan hirurgiýa kafedrasynyň müdiri, l/g maýory.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu