Žurnalistiň sahypasy

Ýylyň şygary – bagtymyzyň çyragy

05-01-2023 / 9

Ýurdumyzda her ýyla döwrüň ruhundan, belent joşgunyndan gelip çykýan ähmiýetli şygaryň berilmegi asylly däbe öwrüldi. Bu däp milli agzybirligimizi we jebisligimizi dabaralandyryp, halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň isleglerini göz öňünde tutup, täze — 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip yglan etmek hakynda kabul eden karary halkymyzda uly buýsanç döretdi.

Tamamlanan “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly ýurdumyzyň taryhynda aýratyn ýatda galyjy ýyllaryň biri bolup, bu ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary geçirildi, onda Arkadagly Serdarymyzyň döwlet Baştutanlygyna saýlanmagy halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň, Garaşsyzlyk ýyllarynda geçilen ýollaryň ygtybarlydygynyň aýdyň görkezijisine öwrüldi. 2022-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden çykyşynda hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny döwrüň talaplaryna görä ösdürmäge gönükdirilen birnäçe maksatnamalaýyn wezipeleri öňe sürdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, ýaşlar geljegi gurujylardyr. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda-da ýaşlarymyzyň ata-babalarymyzyň gurmak, döretmek ýoluny dowam etdiriji, kämil, giň dünýägaraýyşly, ata Watana wepaly şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli şertler dörediler, ýaş maşgalalar üçin uly mümkinçilikler açylar.

Gahryman Arkadagymyz: «Biziň topragymyzda ýene-de dünýä ylmynda iňňän wajyp ähmiýetli açyşlary edip, şamçyrag — ýolgörkeziji boljak eserleri döretjek birunylaryň, lukman hekimleriň, mäne babalaryň, horezmileriň, farabylaryň, merwezileriň, amulylaryň, zamahşarylaryň, kubralaryň, nesewileriň, massonlaryň we sarianidileriň, jykyýewleriň hem-de atanyýazowlaryň dörejekdigine men berk ynanýaryn» diýip, ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna we talyp ýaşlaryna geçen umumy okuw sapagynda nygtapdy. Munuň özi şu günki günüň ýaş nesillerine bildirilýän belent ynamdyr. Ynam bolsa adama örän uly ruhy güýç berýär. Ol mukaddesdir hem-de hökman ödelmelidir. Bildirilýän belent ynamy ödemek biz — ýaşlaryň mukaddes borjumyzdyr. Bu babatda Arkadagly Serdarymyz biziň üçin görüm-görelde, nusgalyk mekdepdir.

Ogulmaral ÝALKAPBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu