
Şu ýylymyzyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrylmagy ähli ýaşlarymyza bildirilýän uly ynamdyr. Bu uly ynam ýaşlary ylym-bilim öwrenmäge, kämil hünärmenler bolup, ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga ruhlandyrýar.
Ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän giň mümkinçiliklerden peýdalanyp, yhlasly okamaklary, bilimli we giň dünýägaraýyşly hünärmenler bolup, hormatly Prezidentimiziň özlerine bildiren uly ynamyny ödäp, döwletimizi mundan beýläk-de ösüşlere alyp gitmek babatda alnyp barylýan işlere mynasyp goşant goşjakdyklaryna ynandyrýarlar. Olara sport bilen meşgullanmak, ruhy hem beden taýdan kämil adamlar bolup ýetişmek sargyt edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýyndaky çykyşynda şeýle belledi: «Häzirki wagtda ýaşlara «Watan» diýen beýik düşünjäniň mukaddesligini düşündirmek, ony gözüň göreji ýaly goramagy we ýürekden söýmegi terbiýelemek örän möhüm wezipeleriň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, berk bedenli, halkymyzyň taryhyny, medeniýetini, däp-dessurlaryny we maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen çäreleri mundan beýläk-de yzygiderli geçireris».
Ylym öwrenmek, ýaşlary bilimli edip terbiýeläp ýetişdirmek milli ýörelgelerimiziň biridir. Milli terbiýede ýaşlaryň bilimli bolmagyny gazanmak bilen bagly birnäçe pähimler, nakyllar bar. Munuň özi häzirki ajaýyp döwrümizde milli ýörelgelerimiziň mynasyp dowam etdirilýändigini, ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Ýaş nesilleriň milli ruhda terbiýelenmegi, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi baş wezipeleriň biridir. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler.
Sähra ORAZOWA,
Daşoguz şäheriniň 18-nji orta mekdebiniň mugallymy.



