
Gadymy pähimleri dünýä beren millet hökmünde halkymyz «Goňşyň rahat bolsa, günüň parahat», «Bagtyňy paýlaş, artar!» diýen paýhasy umumadamzat bähbitlerini aramak bilen durmuşa geçirýär. Ynsanperwerligiň belent maksatlaryna ygrarly türkmeniň edebi mirasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk, parahatçylyk söýüjilik ýaly gadymy ýol-ýörelgeleri bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine gönükdirilen bitaraplyk syýasaty hökmünde giň äleme ýaýylýar.
Garaşsyzlyk halkyň ýagşy umyt-islegleriniň hasyl bolan ajap eýýamydyr. Özbaşdak döwlet hökmünde syýasy, ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer gatnaşyklarda «Ösüş arkaly parahatçylyk» şygaryny baýdak edinen Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesi Garaşsyzlygyň beren iň datly miwesidir. Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýy bilen bagly Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda kabul edilen Rezolýusiýalar halkara gatnaşyklaryň we diplomatiýanyň taryhynda halkara hukugynyň instituty hökmünde hemişelik Bitaraplygy resmileşdirýän resminamalar bolup durýar. Bu hukuk ýagdaýy ýurdumyza 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakyndaky Rezolýusiýa arkaly berildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama ikinji gezek kabul edildi. Häzirki wagtda Bitaraplyk baýramy halkara derejesine eýe boldy. Munuň özi Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýy bilen baglanyşykly ähli wezipeleri dogry we doly ýerine ýetirýändigini aýdyňlygy bilen tassyklaýar.
Sebitiň ähli döwletleriniň goldaw bermeginde 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezini açmak hakynda halkara bileleşigiň çözgüdi tassyklandy. Türkmenistan bu çözgüdi ägirt uly jogapkärçilik we şol bir wagtyň özünde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ýurda bildirilýän ynamyň subutnamasy hökmünde kabul etdi. Bu gün türkmen bitaraplygy sebit howpsuzlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Bitaraplygyň binýatlaýyn esaslary BMG-niň Merkezi Aziýadaky sebiti parahatçylyk we hyzmatdaşlyk zolagyna, yklymlaýyn durnuklylygyň pugta guralyna öwürmäge gönükdirilen strategik esaslaryna laýyk gelýär.
Begnazar REJEBOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



