
«Biz oňyn bitaraplyk diýlip atlandyrylýan nusgany saýlap aldyk. Onuň esasy düzgünleri parahatçylyk söýüjilikden, beýleki döwletleriň işine gatyşmazlykdan, olaryň özbaşdaklygyny we çäk bitewüligini hormatlamakdan, halkara harby bileleşiklere hem-de harby şertnamalara goşulmazlykdan ybaratdyr»
1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» diýen Kararnamany biragyzdan kabul etdi we bu taryhy halkara-hukuk resminamasyna 25 sany döwlet awtordaş boldy. Bu taryhy sepgide ýetmek ugrunda Türkmenistanyň degişli daşary-syýasy we diplomatik hereketleri yzygiderli we tutanýerli amala aşyrmagy hemişelik bitaraplygyň dünýä halkara gatnaşyklary we diplomatiýa taryhynda deňi-taýy bolmadyk halkara-hukuk resminamasynyň kabul edilmegi bilen dabaralandy. Türkmenistanyň taryhda ilkinji gezek BMG derejesinde hemişelik bitaraplyk halkara-hukuk derejesiniň ykrar edilmegi uly ähmiýete eýedir we soňky döwürlere çenli dowam edip gelen meseläni çürt-kesik çözýär. Bu mesele ilkinji nobatda BMG-niň we bitaraplyga eýe bolan agza döwletiň parahatçylyk we howpsuzlyk, wehim salmazlyk we içki işlere goşulmazlyk, dawalary parahatçylykly ýollar bilen syýasy-diplomatik usullar arkaly çözmekligi ileri tutmak ýaly umumy maksatlary birleşdirýär. BMG hem bitarap döwletiň öz degişlilikdäki halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmekligine päsgelçilik döretmeýär we ähli zerur goldawy görkezýär. Munuň hut şeýledigine Türkmenistanyň Milletler Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy aýdyň subutnama bolup durýar.
Türkmenistan öz garaşsyzlygyny yglan eden ilkinji ýyllaryndan başlap, halkara gatnaşyklary ulgamynda oňyn bitaraplyk ýörelgesine eýerip ugrady. Munuň düýp sebäpleriniň biri bolsa parahatçylykly ösüşi üpjün etmek we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmak bilen baglydy.
Bitaraplygyň aýratyn esaslaryna ünsi çekmek zerur. Türkmenistanyň bitaraplygy öz gelip çykyşy boýunça halkara hukugynyň düzgünlerine laýyklykda – ykrar edilen bolup durýar, ýagny ol halkara hukuk dereje BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy» atly ýörite Kararnamasy bilen berkidilendir. Türkmenistanyň bitaraplygy öz görnüşi boýunça hemişelikdir, ýagny ol taryhy döwürlere we şertlere garamazdan, harby ýagdaýlarda hem, parahatçylykly durmuşda hem hereket edýär we berk berjaý edilýär. Türkmenistanyň bitaraplygy öz mazmuny boýunça oňyn häsiýete eýedir, ýagny ol halkara syýasatynyň işjeň guraly bolmak bilen barha kämilleşýär we parahatçylygy goldamakda giň mümkinçilikleri açýar.
Türkmenistan BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmaga hem öz mynasyp goşandyny goşýar. Bu guramanyň Baş Assambleýanyň mejlislerinde, halkara forumlarda suw, energetika we ulag diplomatiýasy boýunça öňe sürýän başlangyçlarymyz dünýä bileleşiginiň Garaşsyz ýurdumyza bolan ynamyny barha ýokarlandyrýar. Türkmenistan bu gün hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýäde ählumumy parahatçylygy, milli howpsuzlygy, şeýle-de bütin Ýer ýüzüniň halklarynyň abadançylygyny gorap saklamagyň we berkitmegiň aýdyň ýoluna düşen döwlet hökmünde tanalýar. Garaşsyz Türkmenistan döwletiniň hemişelik Bitaraplyga esaslanýan işjeň daşary syýasaty diňe bir Merkezi Aziýa sebitiniň däl, eýsem, bütin dünýäniň syýasy ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirýär.
Begmuhammet ATAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.



