
2022-nji ýylyň 7-nji noýabrynda BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara maslahaty Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde şäherinde öz işine başlady. BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girip, ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr.
Howanyň üýtgemegi baradaky çarçuwaly konwensiýasynyň 27-nji maslahatynyň başlygy hökmünde Müsür ösýän ýurtlaryň meselelerine we zerurlyklaryna aýratyn üns bermegi maksat edinýär. Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi bu maslahata gatnaşyjylara ýüzlenmesinde «Ýer ýüzi hakykatdan hem çydamlylygyny güýçlendirmek we ukybyny ýokarlandyrmak isleýän bolsa, ähli ýurtlaryň gyssagly hereket etmegi zerur» diýip, ýüzlenipdir. Şeýle-de, BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça konwensiýasynyň ýerine ýetiriji sekretary Saýmon Still daşky gurşawy goramak babatda täze döwrüň başlanandygyny mälim etdi.
Ýewropa liderlerinden Beýik Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak, Germaniýanyň Kansleri Olaf Şols, Italiýanyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wuçiç, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron gatnaşýar.
Maslahata gatnaşyjylaryň öňünde durýan esasy meseleleriň biri hem maliýe meseleleri bolup durýar. Ösen ýurtlar maliýe we energiýa çökgünliklerinde ösýän ýurtlaryň howasynyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirlerine garşy göreş boýunça goldaw bermek üçin ýylda 100 milliard dollar wadasyny nädip berjaý etmelidigini çözmeli bolarlar. Mundan başga-da maslahatyň esasy gün tertibine ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak ýaly çäreleri işläp düzmek ýaly meseleler girýär.
Geçen ýyl «Cop26» sammiti Beýik Britaniýada geçirilipdi. BMG-niň howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça halkara maslahaty 18-nji noýabra çenli dowam eder.
Mekan SALYHOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň talyby.



