
Her ýylyň 1-nji oktýabrynda güneşli Diýarymyzda Ýaşulularyň Halkara güni dabaraly bellenilip geçirilýär.
Bu baýramçylygyň bellenilip geçilmegi, gadymy däplerimize ygrarlydygymyzy, ýaşululara hormat-sarpa goýmak, olaryň mertebesini belende götermek ýaly ýörelgelerimizi täze mazmun bilen baýlaşdyrýandygymyzy alamatlandyrýar. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýaşuly nesle jemgyýetçilik ünsüni çekmek maksady bilen kabul edilen ýörite resminama laýyklykda, tutuş dünýä ýüzünde her ýyl bellenip geçilýän bu baýramçylyk milli senenamamyzda hem mynasyp orun eýeleýär.
Döwlet tarapyndan ýurdumyzda ýaşuly nesliň durmuş taýdan goralmagyna aýratyn üns berilýär. Pensionerleriň, uruş we zähmet weteranlarynyň durmuş taýdan goralmagyna we olara goldaw berilmegine gönükdirilen çäreleriň giň toplumy göz öňünde tutulandyr. Her ýyl ýurdumyzda pensiýalaryň we döwlet kömek pullarynyň möçberi artdyrylýar.
Ýaşulular pähim-parasatly öwüt-ündewleri, wagyz-nesihatlary bilen agzybirligimizi pugtalandyrmaga, ýaş nesli watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemäge saldamly goşant goşýarlar. Ýurdumyzda döwletli işleriň başy başlananda türkmen halkynyň müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan ýörelgelerine eýerilip, dili senaly ýaşulularymyza maslahat salynýar.
Baý durmuş tejribesi bolan parasatly ýaşulularymyzyň, şeýle hem maşgala ojagynyň daýanjy bolan mährem enelerimiziň öwüt-ündewleri Watanyny ýürekden söýýän ogul-gyzlary terbiýeläp ýetişdirmekde özboluşly mekdepdir.
Güljeren ÇARYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



