Hormatly ýaşlar, mugallym adyna mynasyp bolanlar!

Siz işe gelen günüňizden bäri, öňden işläp gelýän, tejribesi, ukyby, ýaşy taýdan tapawutly mugallymlaryň üns merkezindesiňiz. Sizi görüp, olar özleriniň ýaş wagtlaryny, ilkinji gelen günlerini, ilkinji üstünliklerini ýatlaýarlar. Özleriniň çeken kynçylyklary sizde döremez ýaly gönümel ýa-da daşyňyzdan kömek berýärler. Siz mundan habarsyz bolsaňyz hem, olara nädogry düşünseňiz hem, olar size guwanýarlar.

Siziň ýygnaklarda öwülmegiňiz, adyňyza «Hormat hatlaryny» almagyňyz, hatda käbir sizden uly mugallymlaryň kemi aýdylyp, siziň arşa göterilmegiňiz öz bitiren işleriňiz üçin däldir. Eýsem bu hereketler size badalga bermek üçindir. Sizi ýaşlykdan gaýduwsyz mugallymlaryň hataryna goşmak üçindir.

Siz işe başlan mekdebiňiziň abraýyny dörediji dälsiňizsiz abraýy goraýjylarsyňyz. Çünki siziň «Üstünliksiz», «Gowşak», «Tejribe toplap bilmändir» diýip garaýan ýaşuly mugallymlaryňyz tarapyndan bu mekdep abraýa eýe bolandyr. Gynansak-da, ýaş mugallymlaryň käbirlerinde agzalan düşünjeler tapylýar, siz olardan bolmaly dälsiňiz.

Siziň geçen ýyl gelip, bu ýyl bäsleşikde ýer almagyňyz ýaşuly mugallymlaryň abraýydyr. Ýatdan çykarmaň! Siziň bir bäsleşige «taýýarlan» okuwçyňyzy birnäçe baýry mugallym ençeme ýyl bäri okadyp, şol hala getirendir. Diňe okuwçyny däl, eýsem onuň ata-enesini hem bilim almaga höwesli edip ýetişdiren şolardyr. Ol ata-ene hem öz çagasyny öňden abraýly mugallymlaryň hatyrasy üçin size ynanýandyr. Şonuň üçin hem, ilkinji «gazanan» üstünlikleriňiziň diňe iň kiçi bölegi siziňkidir.

Hiç haçan mekdebiň uly mugallymlarynyň deňinden biperwaý geçmäň. Olary göreniňizde, uly hormat bilen hereket ediň. Olaryň geçmişde gazananlary barada pikir ediň. Olaryň taýýarlan okuwçylarynyň birnäçesiniň abraýly ynsanlar bolup ýetişendikleri barada oýlanyň. Olaryň ýanynda köpräk boluň, gerekli tejribeleri saýlap ýadyňyzda saklaň.

Sizden bir ýyl öň işe başlan mugallymyň eýýäm size görä tejribelidigini ýatdan çykarmaň. Siz uly mugallymlara nähili bolsaňyz, soňky gelenleriň hem size garap sapak aljagy ikuçsuzdyr.

Köpçülik ýerlerinde ýaşlar bolup ulularyň deňinden biperwaý geçilýän wagtlaryna gabat gelinýäni üçin, baýry mugallymlar sizden tamasyny üzmesin. Çünki olar öz abraýlaryny mynasyp ýaşlara tabşyrmak isleýär.

Işe başlan mekdebiňiziň taryhyny, geçmişde haýsy mugallymlaryň işlänini, gazanylan üstünlikleri hökmän sorag-ideg edip öwreniň. Abraýly atasy bolan ogulda bolşy ýaly, bu siziň ruhuňyza ruh goşar.

Ylmyň ýyl-ýyldan ösüşi ýaly mugallymyň öwretmek usullary hem ösýär. Hiç haçan öz başarnygyňyzy üstün, ýaşuly mugallymyňkyny pes görmäň. Kompýuterleriň, el telefonlaryň ilkibaşky haly bolmadyk bolsa häzirkiler asla bolmazdy. Şeýle dälmi eýsem?!

Wagt geler, siziň şu günki bilýän derejäňiz geljekde hiç zat bolar. Ýerine şol döwrüň enjamlaryndan has oňat baş çykarýan ýaşlar dörär. Şol wagt oturyp öz wagtyňyzda eden işleriňizi, ýeten üstünlikleriňizi ýatlarsyňyz. Eger şol wagt size «uly bolsa-da käbir meselelerde bize mätäç» diýseler, gaty kemsinjegiňiz ikuçsuzdyr. Şonuň üçin hem, şu günden ýaşlara görelde bolup «baýry» mugallym bolmaga taýýar boluň!

Elmydama öz üstüňizde işläň. Çünki dünýäde ylym ýyldyrym tizligi bilen ösýär. Mugallym ähli soraglara jogap berip bilmelidir. Jogabyny bilmedik wagtynda «Şol hakda gyzyklanmandyryn», «Şu wagt bilemok» diýmegi başarmaly we tizden-tiz gerekli jogaby tapmalydyr. Size gelen sorag yzyna boş gitmeli däldir. Gümürtik, başdansowma jogap bermekden bolsa gaça durmaly.

Okuwçynyň kitap okamagyny isleýän bolsaňyz, öz eliňizde kitap bolsun. Synp otagyna eliňiz kitaply giriň. Okamaga eliňiz ýetmese-de, kitabyň elektron görnüşini okaýan bolsaňyz hem, stoluňyzda kitaplar dursun. Okaýan kitaplaryňyz barada gerekli ýerinde gürrüň beriň. Okuwçylaryň okaýan kitaplary barada gyzyklanyň, mazmunyny soraň. Kitap okaýan okuwçylary mahabatlandyryň.

Okuwça buýruk beriji sözler bilen çemeleşmek tohumy ekmezden öň gaýnan suwa batyrmak ýalydyr. Okuwça dogry ýoly görkeziň.

Beýnä gidýän ýol kalbyň üstünden geçýändir. Şonuň üçin, ilkinji nobatda okuwçynyň kalbyna aralaşyň. Beýnä barmagyň başga ýoly ýokdur. Siz pedagogsyňyz, psihologsyňyz, terbiýeçisiňiz  üç aýakly tagansyňyz.

«Sabyrly gul dura-bara şat bolar, bisabyr gul tiz ýolugar belaga» diýlen söz ilkinji nobatda bize, mugallymlara degişlidir. Mugallymyň çekýän azabynyň miwesi giç ýetişýändir.

Sabyr kuwwatyň güýji «öňdengörüjilik» birligi bilen ölçenýändir. Mugallym okuwa ýaňy gelen çagany görende, onuň tutuş geljegini göz öňüne getirmegi başarmalydyr. Mugallym geçmişe, geljege sapar edip bilýän ynsandyr.

Beýik Biribar hem ynsanyň ýazgydyny «Mugallym» atly galam bilen ýazýandyr. Ýazgytdan çykmak ýokdur, ýöne öňdengörüjilik bilen geljege gidip özgertmek bardyr. Her sözlän sözüňiz okuwçynyň tutuş geljegini ýagtylandyrmalydyr.

Öz üstüňizde işlemeklik siziň adaty hereketleriňiziň içine garyşmalydyr, aýra bolmaly däldir. Siz diňe okadýanlaryňyz üçin däl, eýsem jemgyýetiň öňünde mugallymsyňyz. Käriňizi söýmelisiňiz. «Mugallym bolmak üçin doguldym», «Ýüz gezek täzeden dogulsam, ýene-de mugallymçylyk kärini saýlaryn» diýip, ýürekden aýdyp bilmelisiňiz.

Mugallym günde özi bilmedik ýagdaýynda-da okuwçy bilen işleşmegiň täze usullaryny tapyp durmalydyr. Mugallym alymdyr, ýaşaýan ylymdyr.

Temany düşündireniňizde, okuwçylary hyýaly başdangeçirmelere, gelejege syýahat etdirip bilmelisiňiz. Hakyky mugallym «Düşündiňizmi?» diýmez, «Düşündirip bildimmi?» diýer.

 Sapakda «Dogry oturyň!», «Ýuwaş boluň!», «Diňläň!» ýaly sözleri her bäş minutdan gaýtalasak, bu eýýäm 9-10 gezek bolýar. Netijä garaşmak bilen birlikde 5-6 minut wagt geçer. Ol bolsa sapagyň 12-13%-i bolaýýar. Agzalan sözlere munça gaýtalamak bilen okuwçynyň gulagyny eýýäm bir sapakda öwrenişdirsek, beýleki sapaklarda ol sözleriň täsiri bolmaz. Bilim-terbiýe bermekde okuwça ýa oňat görelde bolmalydyr ýa-da tersidir, aralygy ýokdur.

 Okuwça ata-enesinden hem ýakyn bolmalydyrys. Ata-ene üçin ol «Nesil dowamy», mugallym üçin bolsa «Watan geljegidir».

«Sylagyň bir ujy gorky» sözüne dogry düşünmelisiňiz. Çaga mugallymdan gorksa, onuň gazabyndan däl, eýsem özüne bolan söýgüsini ýitirmeginden, mugallymy ynjytmakdan gorkmalydyr, sylamalydyr.

 Okuwçy «Pylan dersi gowy görýärin» diýen bolsa, onda şol dersiň mugallymynyň şol okuwça oňat täsirini ýetirip bildigidir. «Pylan dersi gowy görmeýärin» diýen sözi eşideniňden başga käri saýlamak gowudyr. «Oňat görülýän ders»«oňat görülmeýän ders» ýokdur, «Oňat görülýän mugallym»«Oňat görülmeýän mugallym» bardyr.

Dürli ynsanlaryň täsirleri esasynda okuwçy erbet terbiýeli bolup biler. Ata-enäni ýetişdirýän okuw ýokdur. Siz pedagogsyňyz, ol okuwçynyň kalbyna aralaşmagyň ýoluny tapmalysyňyz. Okuwçynyň erbedi bardyr, başarnyksyzy ýokdur.

«Oka», «Öý işiňi ýazyp gel» ýaly sözler peýda etmeýän bolsa, ony gaýtalap durmagyň hajaty ýokdur. Okuwça onuň sosial-psihiki aýratynlygyna görä çemeleşmelisiňiz.

Okuwçyny eden kemçiligi üçin asla kemsitmäň. Deňeşdirmeli bolsa şunça ýaşymyza çenli toplan kemçiligimiz okuwça görä has köpdür. Netijede, biziň özümiz kemsidilmäge mynasyp bolup galýarys.

Mugallymçylyk mekdebini, ýokary okuwy gutarmak, diplomy ele almak sizi doly manyda «mugallym» edýän däldir. Okuwçylara, ata-enelere tabşyrjak «Diplom işiňizi» goramalysyňyz, olara tassyklatmalysyňyz.

 

Annagulyýew Döwranguly Sapargulyýewiç,

Balkanabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 2-nji orta mekdebiniň mugallymy.