Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


Habarlar

7-nji aprel – Bütindünýä saglyk güni

“Döwletimiziň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillermiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar örän jogapkärli wezipeler bolup, häzirki zaman dünýäsiniň talaplaryna laýyklykda, köpçülikleýin bedenterbiýäni, olimpiýa hereketini, sport medeniýetini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýäris” diýip belläp geçýän, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzda “Saglyk” Döwlet maksatnamasy üstünlikli amala aşyrylýar. Her ýylyň 7-nji aprelinde ýurdumyzda hem-de dünýä ýüzünde Bütindünýä saglyk güni bellenilip geçilýär.  Bu şanly gün 1950-nji ýyldan bäri dünýäde giňden bellenilýär.

Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryna hem-de “Saglyk” Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, milli saglygy goraýyş ulgamynyň düzümleri düýpli özgerdilýär. Saglygy goraýyş babatda ählumumy ösüşleriň, abadançylygyň we bagtyýarlygyň  bähbidine halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde oňyn tejribeler toplanýar.

Soňky ýyllarda dünýä ölçeglerindäki halkara sport çärelerini geçirmegiň merkezleriniň biri bolan Türkmenistan döwletimizde hem şanly sene mynasybetli köp sanly sport, bedenterbiýe-sagaldyş hereketleri, dürli ýaryşlar we beýleki çäreler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Gözel paýtagtymyz Aşgabadyň eteginde ýerleşen Köpetdagyň dag gerişlerinden çekilen Saglyk ýoluna köpçülikleýin ýöriş guralýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde Bilim, Sport we ýaşlar syýasaty, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleri we beýleki pudaklaýyn edaralar, kärhanalar, ýokary okuw mekdepleri, jemgyýetçilik guramalary tarapyndan medeni-sport çäreleri guralýar. Bu bolsa häzirki döwürde ýurdumyzda her bir adamyň sportuň islendik görnüşi boýunça meşgullanmagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň döredilendiginiň aýdyň beýanydyr.

Hatyja Döwletnazarowa

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby

 

Ýene-de okap bilersiňiz

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com