Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Baýramçylyk mynasybetli ordenler we medallar bilen sylaglanyldy

25-05-2021 / 5088

Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmakda, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda, ykdysadyýetiň nebitgaz, gurluşyk, senagat, ulag we aragatnaşyk, oba we suw hojalyk pudaklaryny hem-de beýleki pudaklaryny yzygiderli ösdürmek boýunça döwlet maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde, önümçiligiň netijeliligini ýokarlandyrmakda, önümiň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda, has täze tehnikalary, tehnologiýalary, öňdebaryjy usullary we tejribeleri önümçilige giňden ornaşdyrmakda, ilata hyzmat etmegiň çygryny kämilleşdirmekde, döredijiligi bilen adamlary ruhy galkynyşlara ruhlandyrmakda, sport boýunça okuw-türgenleşik we terbiýeçilik işinde, önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işlerinde uly üstünlikleri gazanandyklary, ylmyň we tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň, bedenterbiýäniň hem-de sportuň, bilim we saglygy goraýyş ulgamynyň çalt depginler bilen ösmegine, ýaşlary ata Watanymyza çäksiz söýgi, hormat goýmak, wepalylyk, mertlik hem-de halallyk ruhunda terbiýelemäge we okatmaga, ýokary derejeli hünärmenleri, türgenleri we sport toparlaryny taýýarlamaga goşan şahsy goşantlary üçin hem-de Garaşsyz döwletimiziň, mähriban halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlaryny, köp ýyllaryň dowamynda çeken halal we göreldeli zähmetini, gazanan ýokary netijelerini we hünär ussatlygyny nazara alyp, şeýle hem Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlary Türkmenistanyň ordenleri we medallary bilen sylaglanyldy.

TÜRKMENgazet redaksiýasy hem bu çärä gatnaşyp, ildeşlerimiziň ýürek buýsanjyny diňläp, ýazga geçirdiler:

– Men Sadap HUDAÝKULIÝEWA. Bu gün ýurdumyzyň şanly senesi bolan Aşgabat şäheriniň döredilmeginiň 140 ýyllyk toýunyň toýlanýan günlerinde “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglanandygyma juda begenýärin. Men eýýäm birnäçe ýyldan bäri, “Türkmenstandartlary” baş döwlet gullugynyň Işgärler syýasaty we ýörite işler bölüminiň uly döwlet gözegçisi bolup zähmet çekýärin.

Şu ajaýyp zamanada ýaşaýandygyma buýsanýaryn. Döwrebap şertlerde zähmet çekmek, oňyn şertlerde ýaşamak üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Bagtyýarlyk döwründe bize ajaýyp ýaşaýşy peşgeş beren mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýaryn.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com