“Meniň söhbetdeşim” bäsleşigine hödürlenýär.

Saýtymyzyň mähriban okyjylary! Bilşimiz ýaly ýaňy-ýakynda “Berkarar” söwda we dynç alyş merkezinde “Nagyşly güzer” gözellik öýüniň täze söwda nokadynyň açylyş dabarasy bolupdy. Ol ýerde bolsa, dabaranyň gidişinde “Nagyşly güzeriň” täze kolleksiýasynyň moda görkezilişi hem geçirilipdi. Biz hem, saýtymyzyň döredijilik topary bilen ýörite siz üçin şol moda görkezilişine gatnaşan modellerden interwýu aldyk. Siz üçin bu söhbetdeşliklerimiz diýseň gyzykly bolar,  biziň bolsa, zähmetimiz ýerine düşer diýip tama edýäris, mähriban okyjylar!


Salam, ilki bilen özüňiz we modellik käriňiz bilen gysgaça tanyş edäýiň.

– Meniň adym Çernyşowa Angelina. Men eýýäm 5 ýyl bäri, has dogrusy, 2016-njy ýyldan bäri modellik bilen meşgullanýaryn. Bilşimiz ýaly, biziň şäherimizde ýeke-täk “Modeller öýi” bar. Men ol ýere eýýäm birnäçe ýyl bäri gatnap, modellik sungatynyň inçe syrlaryny öwrenýärin.

Model hökmünde esasan, kimler bilen hyzmatdaşlyk edýärsiňiz?

– Biz diýseň köp gözellik öýleri bilen hyzmatdaşlyk edýäris. Olaryň arasynda “Nagyşly güzer”, “Mähirli zenan” ýaly gözellik öýleri, şeýle-de Ýusubowa Selbi ýaly ýurdumyzyň meşhur dizaýnerleri we ýene-de birnäçe kärhanalary sanamak bolar. Emma biz olaryň öz modelleri hasaplanmaýarys.

Saýtymyzyň okyjylaryna modellik kärine baş goşmagyňyz dogrusynda gürrüň beräýiň.

– Meniň modellik kärine baş goşmagym diýseň duýdansyz boldy. Meniň ejem meniň model bolmagymy arzuw edýärdi. Ol meni bu ugurda hemişe goldady we häzirki derejäme ýetmegimde ejemiň beren kömekleri ummasyzdyr. Galyberse-de, men bu iş bilen çagalykdan bäri gyzyklanýaryn. Meniň hünärim maňa diýseň ýaraýar.

– Angelina, bilşimiz ýaly, siziň “Professional model” diýen derejäňiz bar. Başga-da modellik kärine baş goşjak, şol ugurda üstünlik gazanjak gyzlara näme maslahat berip bilersiňiz?

– Aslynda, munuň üçin köp güýç sarp etmegem gerek däl. Çünki sen näme edeniň bilenem edýän zadyňa ynamyň, söýgiň bolmasa, hiç ýerde-de, hiç bir pudakda-da üstünlik gazanyp bolmaýar. Şonuň üçin meniň berjek maslahatym, ilkinji nobatda özüňizi sylaň we söýüň. Öz edýän işiňizi söýüň. Ynamly boluň. Şeýle-de, hemişe öz üstüňizde işläp duruň, kämilleşmegiň gözleginde boluň! Şonda üstünlik hemişe siziň bilen bolar.

Sag boluň Angelina, beren gyzykly gürrüňleriňiz we gymmatly maslahatlaryňyz üçin! Size mundan beýläk-de uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

– Sag boluň! Size-de üstünlik arzuw edýärin!

TÜRKMENgazet internet saýtymyzyň korrespondentleri başga-da birnäçe ökde modeller bilen söhbet guradylar.

– Meniň adym Enaýa. Men eýýäm 4 ýyldan bäri modellik bilen meşgullanýaryn. 2017-nji ýylyň sentýabryndan bäri men Aşgabat şäher Modeller öýüne gatnaýaryn we bu ugurda köp zatlary öwrenýärin. Modellik kärine başlamagymyň sebäbi, men töweregimdäki adamlardan özümiň modellere mahsus bolan keşbimiň bardygy barada köp eşidýärdim. Her kim meniň boýumyň uzyndygyny, özümiň bolsa, bu kär üçin ähli zatlarymyň gabat gelýändigi barada aýdýardylar. Bu zatlardan, bu maslahatlardan soň, menem öz bagtymy synap gördüm. Ine, görşüňiz ýaly-da, men muny başardym.

******
– Meniň adym Makroşina Kristina. Men 14 ýaşymdan bäri modellik bilen meşgullanýaryn. Muňa görlüp oturylsa, eýýäm 7 ýyl geçipdir. Men Aşgabat şäher Modeller öýünde özümi kämilleşdirýärin. Şeýle-de birnäçe hususy moda öýleri, modelýerler bilen-de işleşýärin. Olaryň arasynda, “Mähirli zenan”, “Gülzaman”, “Nagyşly güzer” ýaly ýurdumyzyň meşhur kärhanalary, gözellik öýleri bar. Meniň modellik bilen meşgullanyp başlamagym diýseň duýdansyz boldy. Men “Modeller öýüniň” moda görkezilişine ýönekeý tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga barypdym. Ol ýerde bolsa, meni “Modeller öýüniň” ýolbaşçysy görüp, maňa model bolmagy teklip etdi. Men hem bagtymy synap gördüm. Ine görüşiňiz ýaly, häzirki wagtda men model bolup zähmet çekýärin we Watanymyzyň modasyny, ene-mamalarymyzdan miras galan milli egin-eşikleriň täze nusgalaryny köpçülige ýetirmekde öz goşandymy goşýaryn.

******
– Meniň adym Aişa Döwletjanowa. Men modellik bilen, görlüp oturylsa, eýýäm 10 ýyl bäri meşgullanýaryn. Men ähli modalar öýleri, gözellik öýleri bilen işleşýärin. Çünki meniň özüm diňe bir model bolman, eýsem, tansçy-hareograf, aktrisa. Şol sebäpli-de meni köp çärelere diňe bir model bolup däl, eýsem tansçy hökmünde-de çykyş etmäge çagyrýarlar. Bu käri saýlap almagymyň sebäbi – men edýän işimden lezzet alýaryn we bu meniň öz isleýän kärim. Döredijilik elbetde, adamyň öz içinde bolmaly. Adamyň ylhamy bolmaly. Çünki diňe şol ýagdaýda edýän işiň hakyky ussady bolup bolýar.

Modellerimiziň üstünlige ýetmekde geçen ýollary baradaky beren gyzykly gürrüňleri, peýdaly maslahatlary, mähriban okyjylar, siz üçin diýseň täsirli bolandyr diýip umyt edýäris. Goý, ata Watanymyzyň modasy mundan beýläk-de täze basgançaklara çyksyn! Bu zatlaryň ösmegi, kämilleşmegi, döwrebap derejede bolmagy üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, işleri rowaç bolsun!

Söhbetdeş bolan: Mähriban HUDAÝGULYÝEWA.