Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýeňişiň şanyna sylag edildi

07-05-2021 / 5050

«Türkmenistan» gazetiniň habar bermegine görä, Türkmenistanda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Ýeňiş gününiň şanyna bagyşlanan dabaralaryň çäginde uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar gowşurylyp başlandy.

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Mekan» köşgünde dabara geçirildi. Oňa uruş weteranlarydyr tylda zähmet çekenler bilen birlikde, ýokary okuw mekdepleriň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, harby gullukçylar, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Aýdym-sazly dabaranyň dowamynda uruş weteranlaryna, şeýle-de tylda zähmet çekenlere Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşuryldy.

 

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com