21-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar. Şeýle hem,  bu ýerde Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanan Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu baýramçylyk döwlet Baştutanymyzyň degişli Permanyna laýyklykda, her ýyl aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde belleniler.

Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň häkimi gatnaşdylar.

Şanly waka mynasybetli ýurdumyzyň sungat ussatlary joşgunly aýdymdyr sazlary bilen çykyş etdiler.

Merkeziň maslahatlar zalynda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň mejlisi geçirildi. Oňa birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, assosiasiýanyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle hem assosiasiýanyň Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlaryndaky we daşary ýurtlardaky agzalary sanly wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdylar.

Mejlisde Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň Prezidenti “Ýylyň türkmen edermen alabaýy” atly medaly döretmek hakyndaky”, Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasyna täze agzalary kabul etmek hakyndaky, şeýle hem assosiasiýanyň nobatdaky mejlisini 2022-nji ýylyň birinji ýarymynda Aşgabat şäherinde geçirmek hakyndaky Kararlara gol çekýär.