Dünýäde meşhur bolan, her ýyl kyrk görnüşli miwe berýän bu gudrat adamyň gatnaşmagynda ýerine ýetirilýär. Amerikaly suratkeş Sem Wan Eýken bu agajy kyrk dürli agajyň pyntygyny sapmak arkaly döretdi. Onuň döreden bu agajynyň miwe bermegi üçin bäş ýyl gerek boldy. Ol bu pikire “transsubstansiýa” düşünjesi bilen tanyşanyndan soň geldi.

Suratkeş bu işini alyp barmak üçin köne bagy kärendesine aldy we özboluşly bagy döretdi. Adatça biz gündelik durmuşymyzda azyk hökmünde ulanýan şetdalynyň bir görnüşi bilen tanyş bolsak, bu agaçda onuň 22 sortuny görmek bolýar. Onuň bu ajaýyp işi gaýtalanmajak sungat eseri hasaplanýar. Ýylyň bahar paslynda pyntyklaryň oýanmagy bilen agaç özboluşly hem-de ajaýyp görnüşe eýe bolýar.

Ilki bilen  erik gülleýär, soňundan garaly, şetdaly, ülje görnüşdäki yzygiderlikde bolup geçýär. Ýazyň dowamynda gülleýän döwri onuň tomaşaçylarynyň sany has artýar. Agaç birnäçe sungat sergilerine gatnaşyp, ýokary baha mynasyp bolmak bilen ony görenlerde ýakymly täsirleri oýarýar.

 

Oguljeren  HUDAÝNAZAROWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.