
Çazza tehnologiýalary atly gurluşyk edarasy Dubaýda üç ölçegli printeriň kömegi bilen beýik binalary gurjakdygyny mälim etdi. Dünýäde bu gurluşyk işine ilkinji sapar synanyşyk edilýär.
Eger-de şuňa meňzeş gurluşyklara bolan talaplaryň sany artsa, bu tehnologiýanyň arzanlajakdygy hem-de adamlar tarapyndan has tiz kabul ediljekdigi çaklanylýar. Çazza gurluşyk edarasynyň müdiri Chris Kelsey ilkinji nobatda bu täze tehnologiýany kiçi binalarda ulanmagy meýilleşdirýändiklerini aýdyp geçdi. Kelsey, özüne 3 ölçegli printer tehnologiýasy bilen baglanyşykly soraglar soralan wagtynda, bir eýýäm bu taslamanyň üstünde iş alyp barýandyklaryny aýdyp geçdi.
Häzirki wagtda bu guramanyň 3 ölçegli printer tehnologiýasy, örän çylşyrymly desgalary hem çaltlyk bilen ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Bu ulgamyň kömegi bilen uly binalaryň ähli böleklerini 3 ölçegli görnüşde kompýuterdan çykarmak mümkin. Bu proýektiň özünde kranlaryň özara birleşen ulgamy bardyr. Äpet binalaryň 3 ölçegli görnüşde çykaryp bolmaýan böleklerini, adam eli bilen ýasalmagy göz öňünde tutulýar. Bu gurama bina ediljek binalaryň uzynlygy we bu gurluşyga haçan başlanjagy barada maglumat bermedi.
Çazza 3 ölçegli printerde äpet binalary gurjak bolýan ilkinji gurluşyk edarasy bolsa-da, emma bu tehnologiýany ulanan ilkinji gurama däldir, çünki bu tehnologiýany kiçi binalarda ulanan birnäçe gurluşyk edaralary bar.
Akmyrat SAPAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.