Awtory: Ogultäç Oraztaganowa, şahyr.

Saýmyşam

Ýat boldy gülleriň müşki,
Buz oldy kalbymyň köşgi,
Nämüçindir indi yşky,
Dert saýmyşam, dert saýmyşam.

Diýsene, bu puşmanlary!
Gowy olaň du:şmanlary —
Dostsyraýan duşmanlary,
Dert saýmyşam, dert saýmyşam.

Ah, zalymyň penjeleri,
Üzmüş nebir hünjüleri,
Hiç tükenmez ünjüleri,
Dert saýmyşam, dert saýmyşam.

Kim duýar ki gazabymy?!
Aýamadym garagymy,
Ýöremeýän galamymy,
Dert saýmyşam, dert saýmyşam.

 

Ýok bolsa, eger, ynamym

Başarmandym kän ýola men;
Indi düşünýän “ýoga” men,
Çykabilmerin ýola men,
Ýok bolsa, eger, ynamym.

Ylham gelsin — joşup bilmen,
Hetdimden hiç aşyp bilmen,
Menzilleri aşyp bilmen,
Eger, ýok bolsa ynamym.

Nämedir eýse baýlygym?!
Döwüler otyr baldagym,
Parlamaz golda baýdagym,
Ýok bolsa, eger, ynamym.

Diýip bilmen, “Berk bolaryn”,
Umytlamdan terk bolaryn,
Derýalarda gark bolaryn,
Eger, ýok bolsa ynamym.