Mähriban okyjylar! Size 25-nji martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Sarah Jessica Parker (55 ýaşady) – amerikan aktrisasy we prodýuser. Ol özüniň filmlerde ýerine ýetiren keşpleri üçin iki sany “Emmi”, dört sany “Golden Globe” we komediýa serialynda ýerine ýetiren iň gowy zenan keşbi üçin “Actors Guild Awards” baýraklaryna mynasyp bolýar.

Katharine McPhee (36 ýaşady) – amerikan aktrisasy, kompozitor. 2006-njy ýylda ol American Idol bäsleşiginde ikinji ýer alýar.

Jenny Slate (38 ýaşady) – amerikan aktrisasy, komediýaçy, ses beriji. Miltonda dogulýar we önüp ösýär. Slate Milton akademiýasynda okaýar we Kolumbiýa Uniwersitetinde edebiýat boýunça bilim alýar. Ol ýerde bolsa, komediýa sahnalarynda özüni kämilleşdirmegiň ýoluna başlaýar.

Danica Patrick (38 ýaşady) – amerikan professional ýaryş sürüjisi. Ol açyk ulagdaky ýaryşlarda Amerikanyň taryhynda iň üstünlikli zenan hasaplanylýar. Onuň 2008-nji ýylda geçirilen Indy Japan 300 ýaryşynda gazanan ýeňişi Danicany IndyCar Series-de ýeňiş gazanan ýeke-täk zenan hökmünde dünýä tanatdy.

Lark Voorhies (46 ýaşady) – amerikan aktrisasy, aýdymçy, press-sekretar we model.

Alyson Michalka (31 ýaşady) – amerikan aktrisasy, aýdymçy, sazanda we model. Ol Disney Channelde goýberilen “Phil of the Future” sitkomunda Kili Teslouyň keşbini ýerine ýetirmek bilen meşhurlyk gazanýar.

Viviane Araujo (45 ýaşady) – braziliýaly model, aktrisa we realiti-telewizion gepleşikleriň alypbaryjysy.

Beek Ji-young (44 ýaşady) – günorta koreýaly aýdymçy. Ol ilkinji gezek 1999-njy ýylda “Sorow” albomy bilen sahna çykýar. Öz zähmet ýolunyň dowamynda ol sekiz sany studia albomlaryny çykarýar we iň gowy zenan aýdymçy we iň gowy saundtrek boýunça Minet Asian Music Awards-da ýeňiş gazanýar.

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.