Mähriban okyjylar! Size şu gün, ýagny 30-njy martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris.

Celine Dion (53 ýaşady) – kanadaly aýdymçy. Ol özüniň diýseň güýçli, tehniki taýdan gowy wokaly bilen meşhur bolup, iň köp sesi ýazdyrylýan kanadaly aýdymçy hökmünde tanalýar. Şeýle-de onuň bütin dünýäde 200 milliondan gowrak eserleri satylýar. Bu bolsa, dünýä rekordy hasaplanylýar.

Larissa de Macedo Machado (28 ýaşady) – Anitta ady bilen has meşhur bolan brazil aýdymçysy, kompozitory, telegepleşikleri alypbaryjy, akrisa we bizneswoman.

Norah Jones (42 ýaşady) – amerikan aýdymçysy, kompozitory we pianist. Ol birnäçe baýraklaryň eýesi bolup, onuň 50 milliondan gowrak eserleri dünýä boýunça satylýar.

Janella Salvador (23 ýaşady) –  filippin aktrisasy we aýdymçy.

Haruka Shimazaki (27 ýaşady) – ýapon aktrisasy.

 

 

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.