Başlary öýmeli, milli lybasymyzdaky türkmen zenany göreniňde göwnüň göterilýär. Arada duralgada awtobusa garaşyp duran iki gelniň gürrüňine synym oturdy. Olar 8-nji mart «Halkara zenanlar güni» mynasybetli alan öýmeleriniň gürrüňlerini edýärdiler. 3 dogan öýmelerden alandyklaryny aýtdylar. Soňra men bu ýere baryp, şol öýmeleri öz gözüm bilen görmegi maksat edindim. Gelinleriň ýanyna baryp, biraz gürrüňdeş boldum we ol dükanyň telefon belgilerini belläp, «3 dogan öýmelerine» jaň etdim. Mylaýym sesli gyz jaňyma jogap berdi we dükanynyň ýerleşýän ýerini düşündirdi. Biraz wagtdan men ol ýere bardym. Dükanyň içindäki öýmeler biri-birinden owadan we göze gelüwlidi welin, saýlawda aljyradan hala saljak. Müşderiler biraz azalansoň Medine bilen gürrüňdeş boldum we ol gyzyklanýan sowallaryma buýsanç bilen jogap berdi.

 

-Medine, ilki bilen Sizi Halkara zenanlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýarys we saýtymyzyň myhmany hökmünde biz bilen gürrüňdeş bolanyňyz üçin köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys.

-Gürrüňdeşligimizi «3 dogan öýmeleriniň» açylan gününden başlaýalyň.

 –«3 dogan öýmeleriň» işe başlanyna 10 ýyla golaý wagt bolup gelýär. Dükanyň ilkinji açylan gününden başlap, biz  öýmeleriň dürli görnüşlerini, hilleriniň aýratynlygyna görä, elýeterli bahalardan halkymyza hödürleýäris we «Halallyk we nepislik biz bilen» diýen şygar astynda işimizi alyp barýarys.

-Näme üçin «3 dogan öýmeler» ?

-Biz üç dogan Gunça, Muhammet, Medine. Şol sebäpli-de ejemiň pikiriniň esasynda «3 dogan öýmeler» diýip at goýduk.

-Öýmeleriň nähili görnüşleri bar?

-Dükanymyzda öýmeleriň 100-e golaý görnüşleri bar. Olardan sanap geçsek: çille öýmeler, çopantelpek gül, hoz gül, saýlan gül, gadymy gül, goşa ýürek, ülje gül salynan öýmeleri, ýüpek öýmeleriň birnäçe görnüşlerini aýdyp bolar. Bular biri-birinden hili, reňki, ululygy boýunça tapawutlanýarlar.

-Zenanlarymyz esasan nähili öýmelere isleg bildirýärler?

-Müşderileriň aglaba bölegi ýaş gelinler bolansoň, olar esasan açygrak reňklere isleg bildirýärler. Esasanam sary öýmelere has isleg uly. Çünki bu reňkli öýmeler ähli reňkli zenan eşikleri bilen gelşikli görünýär.

 -10 ýyla golaý tejribäňizden çen tutanymyzda öýme saýlamakda maslahat soranlara nähili jogap berýärsiňiz?

-Dükanymyzyň maksady müşderilerimizi kanagatlandyrmak we her bir müşderilerimiz bilen dowamly gatnaşyklary saklamak. Şonuň üçin bu babatda biz elimizden gelen hyzmatlarymyzy olardan gaýgyrmaýarys. Ilki bilen-ä ýaş tapawutlaryna seredýäris. Esasanam öýmäniň reňklerini saýlamakda zenanlarymyz maslahat soraýarlar. Ilki bilen, geýjek köýnegini sorap, şoňa görä-de saýlawymyzy hödürleýäris. Gelinler öýmeleri gündelik durmuşynda köp ulanansoň, olar saýlawda kän eglenmeýärler, ýöne ýaş gelinler ýa-da durmuşa taýýarlanýan gyzlar maslahat soraýarlar. Mundan başga-da iki-üç öýmäni has gowy görüp, olaryň birini saýlamaly müşderilerimize saýlawlarynda ýardam edýäris.

-Müşderileriňiz dogrusynda …

-Müşderiler biziň esasy gymmatlygymyz. Biziň işimiz müşderileri begendirmek we olary razy etmek. Dükanymyza diňe bir ýurdumyzyň çäginden däl, eýsem ýurdumyza syýahatçylaryň hem gelmegi bizi has-da buýsandyrýar we ýurdumyzyň halkara abraýyny belende göterýär. Esasanam, Türkiýeden, Özbegistandan gelýän myhmanlar biziň dükanymyzyň müşderileri.

-Müşderileriň has köp wagtlary.

-Müşderiler 8-nji mart baýramynyň öňüsyrasynda has köp bolýar. Ol wagtlar dükanymyza diňe bir zenanlar däl, erkek adamlar hem müşderilerimiziň sanawyna goşulýar. Olar baýramçylyk mynasybetli maşgalasynyň zenanlaryny begendirmek maksady bilen sowgatlyk öýmeleri alýarlar. Saýlaw meselesinde bolsa olara köplenç biz ýardam berýäris.

-«3 dogan öýmeler» dükanyňyzyň hyzmatlary.

-Müşderilerimiziň isleglerini kanagatlandyrmak, milli lybasly türkmen zenanynyň görküne görk goşmak, halallyk we nepislik bilen halkymyza hyzmat etmek esasy maksadymyz.

Hyzmatlarymyza ýene-de bir zady goşup bileris, bizde şäher içine we welaýatlara, etraplara, obalara gysga wagtda eltip bermek hyzmaty hem ýerine ýetirilýär.

-Medine, saýtymyzyň üsti bilen guran gürrüňdeşligimize gatnaşyp, beren gyzykly gürrüňleriňiz üçin köp sagboluň. Zenanlarymyzyň gözel keşplerine görk goşmakda alyp barýan işleriňizde uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Sagboluň.

 

Söhbetdeş bolan: Şaperi Otuzowa.