Keira Knightley (35 ýaşady) – britan aktrisasy. Ol garaşsyz filmlerde, şeýle-de gymmat köp tölegli filmlerde dürli keşpleri ýerine ýetirýär. Ol özüniň taryhy dramalarda ýerine ýetiren keşpleri bilen has meşhurdyr.

Diana Ross (76 ýaşady) – amerikan aýdymçysy we aktrisasy. Detroýte ştatynda önüp ösýär. Ol The Supremes wokal toparynyň solisti hökmünde meşhurlyk gazanýar. Ol topar bolsa, 1960-njy ýyllarda Motownyň iň üstünlikli topary we ähli döwürleriň iň tanymal zenan topary hökmünde taryha girendir.

Leslie Mann (48 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Ol birnäçe meşhur filmlerde, şol sanda “The Cable Guy”, “George of the Jungly”, “Big Daddy”, “Knocked Up”, “17 Again”, “Funny People”, “This is 40” we “Blockers” ýaly kinolarda dürli keşpleri ýerine ýetirdi.

Jennifer Grey (60 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Onuň ilkinji surata düşen filmi Reckless bolup, onda ol Calthy Bennarionyň keşbini ýerine ýetirdi.

Amy Smart (44 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Los-Anjelesde dünýä inýar. Italiýada modellik kärine başlaýar, soňra bolsa, aktýorçylyk sungatynyň mekdebine girýär. Ol Martin Kunertiň “Campfire Tales” filminde ilkinji keşbini ýerine ýetirýär.

Kathryn Bernardo (24 ýaşady)– filippin aktrisasy. Ol özüniň “Mara Klara” serialynda ýerine ýetiren Maranyň keşbi bilen meşhurdyr.

Nurgül Ýeşilçaý (44 ýaşady) – türk teatr we kino aktrisasy.

Juliana Couto Paes (41 ýaşady) – brazil aktrisasy we ozalky model. Ol telenowellalaryň we modellik biznesiniň üsti bilen dünýä meşhur boldy.

Mayu Watanabe (26 ýaşady) – ozalky ýapon aýdymçysy, aktrisa.

Yui Yoshioka (33 ýaşady) – ýapon aýdymçysy, kompozitor, sazanda we aktrisa.

Natasha Legerro (46 ýaşady) – amerikan komediýaçysy, aktrisa we ýazyjy. Rokfordda önüp ösýär we 2005-nji ýylda MTV teleýaýlymynda “70s House” realiti-teleserialynyň alypbaryjysy hökmünde meşhurlyk gazanýar.

Bianca Maria Kajlich (43 ýaşady) – amerikan aktrisasy. Onuň telewideniýede we filmlerde esasy we ikinji derejeli birnäçe keşpleri boldy.

Satoko Miyahara (22 ýaşady) – ýapon buzda ýüzüjisi. Ol 2015-nji ýylda Dünýä çempionatynda kümüş medalynyň, 2018-nji ýylda bürünç medalynyň eýesi bolýar, 2016-njy ýylda dört kontinentiň çempiony we ýene-de birnäçe derejelere mynasyp bolýar.

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.