Mähriban okyjylarymyz, size 22-nji martda dünýä inen meşhur zenanlar baradaky maglumatlary hödürleýäris. 

Laura Jin Liz Uizerpsun (Şu gün 44 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy, prodýuseri we telekeçisi. Ol Oskar, iki sany “Altyn globus”, we “Emmi” baýraklarynyň eýesidir. Ol 2019-njy  ýylyň maglumatlaryna görä, dünýäde iň köp tölenýän aktrisalaryň biri hasaplanýar.

Allison Stokki (şu gün 31 ýaşaýar) – amerikan ýeňil atletikaçysy we fitnesmodeli. Ol orta mekdepde okaýarka taýakda bökmek boýunça birnäçe amerikan rekordlaryny geçmegi başarýar. Onuň 17 ýaşynddaky suratlary intternetde giňden ýaýrandygy sebäpi ol internet finomenine öwrülýär.

Konstans Wu (şu gün 38 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy. Ol ABC kanalynda Jesika Huangyň keşbini ýerine ýetirmek bilen uly meşhurlyk gazandy. Bu film üçin ol birnäçe baýraklary gazandy.

Tanýa Raýýminde Helen Kats (şu gün 38 ýaşaýar) – amerikan aktrisasy we hudožnigi. Ol ABC teleýaýlymynda goýberilen “Lost”  serialynda Aleks Russonyň keşbini ýerine ýetirmek bilen meşhurlyk gazandy.

Alisa Dewid (şu gün 33 ýaşaýar) – fransuz aktrisasy. Ol özüniň surata düşen “Bref” serialy we “Babysitting” filmi bilen meşhurdyr.

Stefani Mills (şu gün 63 ýaşaýar) – amerikan aýdymçysy, kompozitory we aktrisasy.

Wani Hari (şu gün 42 ýaşaýar) – Food Baby bloguny ýörediji, amerikan ýazyjysy we azyk senagatyny tankytlaýjy. Ol 2011-nji ýylda Food Baby bloguny ýöredip başlaýar we eýýäm 2014-nji ýylda ony 4 million gezekdenem köp gördüler.

Mähriban Hudaýgulyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

 Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby

 

 

 

Tags :