Slide
Türkmengazet ygtybarly habar çeşmesi
www.turkmengazet.com
gyzykly habarlar,täzelikler
Slide
Playmarket-de ykjam aplikasiýasy
BIZIŇ SAÝTYMYZDA
HABARLAR
SPORT
BILIM
TREND WE GÖZELLIK
ZENAN DUÝGUSY
ŽURNALISTIŇ SAHYPASY
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

21-nji sentýabr — Halkara Parahatçylyk güni

2001-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň geçiren 55-nji mejlisinde her ýylyň 21-nji sentýabryny «Halkara parahatçylyk güni» diýip, bellemek hakynda karar kabul edildi. Ýöne muňa garamazdan, ilkinji Halkara parahatçylyk güni 1982-nji ýylda bellenilipdir.

Ilkibaşda bu baýram sentýabr aýynyň üçünji sişenbesinde – BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýyllyk mejlisiniň açylyş güni bellenilýär. Bu güni bellemek baradaky karar 1981-nji ýylyň 30-njy noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 36-njy mejlisinde kabul edildi. Şeýlelikde, 2002-nji ýyla çenli bu halkara güni sentýabr aýynyň üçünji sişenbesinde bellenilipdir.

Her ýyl bu halkara gün mynasybetli BMG-de hem-de dünýäniň birnäçe ýurtlarynda parahatçylyk mowzugyna bagyşlanan dürli çäreler,  maslahatlar, baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Bu günüň açylyş dabarasy BMG-niň Baş sekretarynyň ýüzlenmesi bilen başlanandan soňra Parahatçylyk jaňy kakylýar. Parahatçylyk jaňynyň ýüzünde bolsa «Ýaşasyn dünýä parahatçylygy!» diýen, ýazgy ýazylandyr. Mundan başga-da, halkara parahatçylyk gününiň «Parahatçylyk kepderisi» atly nyşany bolup, bu nyşan baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrýar. Aslyýetinde, bu nyşan ussat suratkeş Pablo Pikasso tarapyndan 1949-njy ýylda bolup geçen ilkinji dünýäde parahatçylygy goldaýanlaryň gurultaýy üçin döredilipdir.

Parahatçylyk medeniýeti – gepleşikleriň we öňüni alyşyň medeniýetidir. Bu medeniýet biziň ýurdumyzyň syýasatynyň hem esasy ýörelgeleriniň biridir. Berkarar döwletimiz dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynsanperwerligi goldaýan ýurt hökmünde giňden tanalýar. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyjy esasynda «2021-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmeginiň biragyzdan goldanylmagynyň mysalynda hem aýdyp bileris. Bu Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň diňe bir parahatçylykly ýurt bolman, eýsem, ähli ugurlar boýunça syýasy, ykdysady, medeni, jemgyýetçilik we bilim ugurlary boýunça daşary ýurtlar bilen hoşniýetli gatnaşyk saklaýan döwletdiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Dürjemal SARYÝEWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň 4-nji NGDSG hünäriniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com