Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Türkmen-türk söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär

08-12-2023 / 12

Bilşimiz ýaly, 6-njy dekabrda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi.

Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär. Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär. Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda elektrik energetika enjamlaryny öndürmäge ýöriteleşen «Elte Pano», «Hasçelik Kablo», ýangyn söndüriji enjamlary öndürýän «Duyar Vana Makina», gurluşykda öňdebaryjy «Rönesans», «Gap Inşaat» ýaly kompaniýalar bar. Gurluşyk serişdeleri bölüminde penjireleri we gapylary öndürýän «Çelik Kapi», «Emka Metal Çelik», diwarlar we üçekler üçin izolýasiýa serişdelerinden taýýarlanylan panelleri öndürýän «Assan Panel» hem-de profilleri öndürýän «Hilal Alüminium» kompaniýalary bar. «A.O.Smith» kompaniýasynyň diwarlygy suw üpjünçilik, lagym we suwaryş, agyz suwy minerallaşdyrmak ulgamlary bilen tanyşdyrýar. «Ahi carrier fzc», «Frigo Mekanik», «Aldag» kompaniýalary sowadyjylary we azyk önümlerini saklamak hem-de doňdurmak üçin tehnikalary görkezýär.

Sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda ýyladyşhana toplumlary üçin enjamlarydyr düzümleri öndürmäge we ibermäge ýöriteleşen kompaniýalaryň bardygyny hem bellemelidiris. Bu ýerde “Sera marketim”, “Dagdelen”, “Mehmet Özen” hususy kärhanalary ilkinji gezek önümlerini görkezýärler. «Feta», «Interlab Lab. Ürünleri» we «Dogrular Ev Ürünleri» kompaniýalary çagalar baglaryny hem-de mekdepleri, ýaşaýyş jaýlaryny enjamlaşdyrmak ulgamynda teklipleri bilen çykyş edýärler. Ýurdumyzda meşhurlykdan peýdalanýan öý hojalyk tehnikalaryny we aşhana enjamlaryny öndürijileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär. Olar sowadyjylaryň, egin-eşik ýuwujy maşynlaryň, bug peçleriniň, suw gaýnadyjylaryň we gyzdyryjylaryň, elektrik enjamlaryň hem-de beýlekileriň iň täze görnüşlerini öz içine alýar.

Ýöriteleşdirilen sergi köp ýyllardan bäri türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança boldy. 

Begendik DÖWLETÝAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com