Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Siziň üçin...Slider

«Gyş ukusy» diýlende…

08-12-2023 / 22

«Gyş ukusy» diýlende, ilki bilen, ertekilerden, multfilmlerden hem tanyş bolşy ýaly, aýy göz öňüne gelýär. Eýsem, gyş paslyny uklap geçirýän diňe bir aýylarmy?! Elbetde, diňe olar däl. Bilermenleriň aýtmagyna görä, olar onlarça bolup, geçirilýän gözlegleriň netijesinde gyş ukusyndan paýly haýwanlaryň sanawy kem-kemden uzaýar. Muňa mysal edip, maýmynlaryň primatlar otrýadyna degişli käbir agzalarynyň hem, guşlaryň käbir görnüşleriniň hem gyş ukusyna gidýändigi soňky ýyllarda mälim edildi.

Ylma ozaldan tanyş bolan gyş ukusyna gidýän haýwanlary ýatlap geçeliň! Olar: aýylar, gemrijiler, adaty kirpi, awstraliýa ýehidnasy, zolakly ýenot, ýarganat, homýak, burunduk, alaka, torsuk, gurbagalar, pyşbaga we beýleki mör-möjeklerdir.

Gyş ukusy haýwanlaryň bedeniniň ýylylygynyň kemelmegi bilen kynlaşýan madda çalşygy esasynda döreýän tebigy ýagdaýdyr. Emma käbir haýwanlaryň gyş ukusyna gitmegine sebäp bolýan zatlaryň iň esasysy-da, bu pasylda iýmit tapmagyň kynlaşmagydyr. Bu pasylda olar garaňky gowaklarda, agaç köweklerinde, çuň hinlerde dürli amatly ýerleri peýläp uklaýarlar. Gyş ukusy diýlende hem, olaryň ählisi bütin gyşy ukuda geçirmeýärler. Meselem, ýarganatlaryň ukusy bir aýdan artyk, kirpileriň ukusy bolsa iki-üç hepdeden köp dowam etmeýär.

Gyş ukusyna gidýän haýwanlaryň arasynda has bellileriniň biri aýylardyr. Olar ilkinji garyň ýagmazynyň öň ýany gyş ukusyna gidýärler. Bu, esasan, goňur aýylara degişlidir. Aýylaryň diňe boz, gara we gimalaý aýysy görnüşleri gyş ukusyna gidýärler. Ýöne olaryň ukulary gaty berk bolman, beýleki gyş ukusyna gidýän haýwanlara garanyňda has duýgur uklaýarlar. Gyş ukusyndan oýarylan aýylaryň diýseň gaharjaň bolýandygy baradaky multfilm epizodlary hakykata esaslanýandyr. Şonuň üçin gyş ukusyna giden aýylary oýarmak bolmaýar.

Gyş ukusyna gidýän haýwanlaryň ýene-de biri pyşbagalardyr. Olaryň ukusy diňe bir gyşda däl, eýsem, ot-çöpleriň gurap, iýmitiň azalmagy sebäpli tomsuna hem birnäçe aýlap uklap bilýärler.

Gaýrat MYRADOW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com