Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderŽurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk: ykrar edilen, hemişelik, çäklendirilmedik

07-12-2023 / 39

Türkmen halkynyň at-abraýyny halkara derejede belende göteren hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ata-babalarymyzyň parahatçylyga, demokratik kadalara esaslanýan ynsanperwer ýörelgeleriniň asyrlardan-asyrlara ýol salan dowamatydyr. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy ýurdumyzyň ykdysady taýdan has-da ösmegine, dünýäde halkara hyzmatdaşlygynyň giňelmegine, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ilerlemegine itergi berýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy mejlisinde 193 döwletiň goldamagynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň ikinji gezek kabul edilmegi sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen netijeli syýasatynyň ählumumy ykrar edilmeginiň aýdyň subutnamasydyr.

Halkara hukugynda bar bolan kadalara laýyklykda, Türkmenistanyň Bitaraplygy gelip çykyşy boýunça — ykrar edilen, görnüşi boýunça — hemişelik, möhleti boýunça — çäklendirilmedik bolup, dartgynlylyk döwründe hem, asuda döwürde hem hereket edýär. Bitaraplygymyzyň 28 ýyly diňe türkmen döwletiniň daşary syýasy durmuş ukyplylygyna baha bermäge, saýlanyp alnan ýoluň dogrudygyna düşünmegi däl-de, eýsem, «Türkmenistanyň Bitaraplygy» diýen derejäniň mazmunynyň çuňlugyny beýan edýär. «Bitaraplyk» sözüniň manysy gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.

Bitaraplyk instituty döwletiň hukuk derejesi bolup, onuň ösdürilmegi häzirki şertlerde parahatçylygyň we halkara howpsuzlygynyň goralmagyna we has-da berkidilmegine ýardam edýär. Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk derejesi boýunça öz üstüne alan halkara borçnamalarynyň içeri we daşary syýasatynda üýtgewsiz we takyk kybap gelmeginiň kepili bolup çykyş edýär. Geçen taryhy döwrüň dowamynda toplanan tejribe Türkmenistanyň daşary syýasatynyň özeni bolan hemişelik Bitaraplygyň milli we halkara ynamy doly ödändigini subut etdi.

Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýär. Ýurdumyzyň iş ýüzünde alyp barýan  daşary syýasaty we halkara gatnaşyklary bu günki gün dünýä we sebit gatnaşyklaryny ösdürmek, şeýle hem özara bähbitli syýasy, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmek babatynda ýokary baha mynasyp bolýar. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, haýsy asyr, haýsy zaman — parhy ýok, adamlar mydama parahat durmuşy isläpdirler, parahat durmuş halklara rahatlyk hem ösüş, bagt hem eşret eçilipdir. Hemişelik Bitaraplygyň maksady, asyl ýörelgesi hem şundadyr.

Agakuwwat ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com