Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

Ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty geçiriler

04-12-2023 / 48

30-njy noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz şu ýylda ýurdumyzyň ýaşlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak ençeme çäreleriň geçirilendigini aýratyn belledi. Nygtalyşy ýaly, ýakynda ýokary derejede guralan Kuraş boýunça dünýä çempionatynda hem biziň türgenlerimiz şowly çykyş edip, gowy netijeleri gazanyp, baýrakly orunlara, köp sanly medallara mynasyp boldular.

Ýokarda agzalan Hökümet mejlisinde ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahatynyň we sergisiniň geçiriljekdigi habar berildi. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener. Bu waka Arkadag Serdarly bagtyýar ýylynyň ajaýyp jemlenmesine öwrüler. 

Şu ýylda bilimde, ylymda, sportda, medeniýetde, senagatda, oba hojalygynda, ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklarynda ýaş nesliň wekilleri uly üstünliklere eýe boldy. Olar diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejeli ýaryşlarda, olimpiadalarda-da döwletimiziň tuguny belentde parladyp, uly ýeňişleri gazandylar.

“Ýurdumyzda ýaşlary goldamak, höweslendirmek, olaryň öz ukyp-başarnyklaryny, zehinlerini açyp görkezmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleriň dowam etdiriljekdigini nygtady.

Ýylyň ahyrynda ýaşlaryň dabaraly maslahaty we sergisi geçiriler. Bu dabarada ýylyň dowamynda ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda geçirilen halkara sport ýaryşlarynda, mekdep okuwçylarynyň olimpiadalarynda, talyp ýaşlaryň bäsleşiklerinde ýeňiji bolanlaryň, şeýle hem ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekip, Diýarymyzyň ösüşine mynasyp goşant goşan ýaşlarymyzyň gazanan üstünlikleriniň jemi jemlener.

Kümüş ATAÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com