Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTrend we gözellik

Meşhurlaryň sanawyna girdi

04-12-2023 / 71

«Ntv.com.tr» -niň habar bermegine görä, model Kendall Jenner Forbes sanawyna girdi.

Model karýerasynda çalt ösen we pudagyň iň oňat modellerinden biri hasaplanýan Kendall Jenner, Forbes işewür dünýäsi we ykdysadyýet žurnalynyň 30 (30 ýaşdan kiçi) meşhurlaryň sanawyna girdi.

«Celebrity Net Worth» -yň maglumatlaryna görä, Kim Kardaşýan (2016) we Kylie Jenner (2018) -den soň Forbesiň sanawyna adyny ýazdyran Jenneriň girdejisi 60 million dollar. Häzirki wagtda Kim Kardaşýan we Kylie Jenner «milliarder» statusyna ýetmegi başardylar.

Kendall Jenner meşhur doganlarynyň hemişe üns merkezinde bolmagynyň täsiri barada gürrüň berdi. Jenner «Kiçijik wagtym öümi maşgalada keseki adam ýaly duýýadym. Men bu durmuşda doguldym, ýöne bu durmuşy saýlamadym» diýip, aýdýar.

Bu ajaýyp durmuşy ýaşamak üçin özüne laýyk däldigini aýdan modele, bu durmuşa öwrenişmek üçin 20 ýyl gerek bolupdyr.

Päkize MURADOWA,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com