Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Habarlar

«Magtymgulynyň şygryýetiniň ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat geçiriler

04-12-2023 / 17

2023-nji ýylyň 5-6-njy dekabrynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bolar.

Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen birlikde, Berlinde «Magtymgulynyň şygryýetiniň Ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de onuň dowamynda medeni çäreler geçiriler.

Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde geçiriljek dabaralara ýurdumyzyň döredijilik wekiliýeti hem gatnaşarlar. Dabaralara gatnaşmak üçin ildeşlerimiz 3 — 7-nji dekabr aralygynda Germaniýa Federatiw Respublikasynda iş saparynda bolarlar.

Meýlis SADYKOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com