Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler

04-12-2023 / 33

2023-nji ýylyň 30-njy noýabr — 12-nji dekabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) düýp mazmuny ekologik durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdyr.

Adamyň tebigat bilen gatnaşygy iň ilki dörän ulgamda — oba hojalygynda has-da üýtgeşikdir: pudak daşky gurşawa juda garaşly, özem tebigatyň iň esasy serişdelerinden barha has köp mukdarda peýdalanyp, töwekgelçilige-de ýygjam-ýygy duçar bolýar. Diýmek, howanyň umumy ýagdaýy, ekologiýanyň azyga, suwdur topraga köptaraplaýyn täsiri, ozaly bilen, şu ulgamyň peýdasyna ýa-da zyýanyna bolýar. Munuň bolsa ynsan saglygyna hem gönüden-göni, hem-de gytaklaýyn, ýöne kesgin, hatda ykbal çözüji täsiri bar. BMG-niň howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasy hem hut şu ýagdaýlar göz öňünde tutulyp, 1994-nji ýylyň 21-nji martynda güýje girdi. Ol adamzadyň ekoulgama ýetirýän täsirini azaltmak üçin kabul edilendir. Konwensiýa ählumumy ykrarnama eýe bolup, 198 döwlet tarapyndan tassyklanandyr.

Häzirki wagtda BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň maslahaty her ýyl geçirilýär. Onuň 2022-nji ýylyň 7 — 18-nji noýabry aralygynda 27-nji halkara maslahaty «COP27»  Müsüriň Şarm-el-Şeýh şäherinde şäherinde geçirilipdi.

BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň möhüm çäreleriniň dostlukly döwletiň her ýylyň 2-nji dekabrynda bellenilýän baş baýramy — BAE-niň Milli güni bilen gabat gelendigini bellemelidiris.

Ekologik meseläniň Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendigini turuwbaşdan bellemek gerek. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan we häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady we durmuş ulgamyndaky ähli giň gerimli özgertmeler maksatnamalary bu mesele bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Batyr JUMAÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com