Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

«COP28»: tebigat we tejribe

04-12-2023 / 17

Adamzat jemgyýetiň tebigat bilen özara gatnaşygynyň häsiýetini üýtgetmek bilen bütin taryhyň dowamynda daşky gurşawa täsir etmekde öz ukybyny ösdüripdir we kämilleşdiripdir. Tebigat bilen meseleler häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde saklanylýar. 2023-nji ýylyň 30-njy noýabr — 12-nji dekabry aralygynda BAE-niň Dubaý şäherinde geçirilýän BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynyň (COP28) düýp mazmuny hem ekologik durnuklylygy üpjün etmekden ybaratdyr. 1-2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Dubaý şäherinde iş saparynda bolup, Bütindünýä howa sammitiniň plenar mejlisine gatnaşmagy tamamlanyp barýan Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň taryhy wakalarynyň hataryndan orun alar.

Dubaý şäherinde dowam edýän «COP28» maslahatynda bolsa Türkmenistan Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny resmi taýdan beýan etdi. Şunuň bilen birlikde, ýurdumyz borçnamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer.

Şeýle-de Ýer ýüzüniň bagtyýar we abadan geljeginiň bähbidine halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we pugtalandyrmaga ygrarlydygyny beýan edýän Türkmenistan ýokary derejeli köptaraplaýyn duşuşykda taýýarlanylan resminamalary, hususan-da, Howa we saglyk boýunça Jarnamany, Durnukly oba hojalygy, durnukly azyk ulgamlary we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Emirlikler Jarnamasyny, şeýle hem birnäçe başlangyçlary, şol sanda Howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça belent maksatly, köp derejeli hyzmatdaşlyk üçin «COP28» koalisiýasyny döretmek hakyndaky başlangyjy goldady.

Bütindünýä howa sammiti, onda döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyçlary baradaky söhbedi jemlemek bilen, bu iri forumyň dünýäniň adamzadyň umumy öýüdigine, onuň abadançylygynyň jan-dilden goralmalydygyna ünsi çekmegiň möhüm pursady bolandygyny bellemek bolar. 

Aýjeren AMANLYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebinin 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com