Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

Bitaraplyk — asudalyk syýasaty

03-12-2023 / 48

Dünýäniň syýasy arenasynda möhüm orun eýeleýän hemişelik Bitaraplyk derejesi ýurdumyzyň parahatçylygyň we abadançylygyň merkezine öwrülmegi ugrunda Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň akyl-paýhasly, öňdengörüjilikli daşary syýasaty esasynda täze, has ähmiýetli syýasy ýörelgä öwrüldi, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halklaryň agzybirligi, dost-doganlygy ugrunda yhlasly hereket edýän ynsanperwer syýasat derejesine çykdy.

Ýurdumyzyň özüniň Bitaraplyk derejesine laýyklykda Birleşen Milletler Guramasy bilen alyp barýan ysnyşykly gatnaşyklarynyň sebitimizde howpsuzlygy we durnuklylygy saklamaga, sebitde ýerleşýän döwletleriň özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda durnukly ösmegine ýardam bermegi ata Watanymyzyň özüniň oňyn Bitaraplyk derejesine mynasyp iş alyp barýandygyny aýdyň görkezýär. Ýurdumyz özüniň saýlap alan bu ýörelgelerine doly we dogry eýermek bilen, oňyn Bitaraplyk, parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleriniň daşary syýasatymyzyň özeni bolup durýandygyny iş ýüzünde subut edýär. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 12-nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni diýip yglan etmegini özüniň Bitaraplyk derejesiniň wezipe-borçlaryna wepaly bolup, tutuş ýer ýüzünde parahatçylygyň, asudalygyň höküm sürmegi ugrunda yzygiderli çykyş edýän Türkmenistan döwletimiziň syýasy ýörelgeleriniň doly ykrar edilmegi hökmünde kabul etmek bolar.

Garaşsyz döwletimiziň taryhynda ýene bir möhüm wakalaryň biri bolmak bilen, 2007-nji ýylda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa boýunça Öňüni alyş diplomatiýasy baradaky sebit merkeziniň döredilmegi Türkmen Bitaraplygynyň gazanan iň bir ähmiýetli üstünlikleriniň biri boldy.

Halkyň durmuşynda uly yz goýan her bir sene mukaddeslik hökmünde  halkyň taryhyna girýär. 12-nji dekabr hem türkmen halkynyň durmuşynda täze bir ýol-ýörelgäniň jarçysy boldy. Gahryman Arkadagymyz bu günüň aýratynlygyny özüniň «Bitarap Türkmenistan» atly kitabynda: «Häzir Bitaraplygyň alamatlary biziň gündelik durmuşymyzyň köp tarapynda öz beýanyny tapdy. 12-nji dekabr – türkmen halkynyň mukaddes baýramlarynyň biri – Bitaraplyk günüdir» diýip belledi. Bu gün bütin halkymyz ata Watanymyzyň Bitaraplyk derejesiniň şanly toýuny uly dabaralar bilen, şatlyk-şowhuna besläp belleýär. Çünki ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesi halkymyzyň bagtyýarlygynyň, azatlygynyň, mizemezliginiň hemişelik kepili bolup kalplarymyzy buýsançdan dolduryp dur. Ýurdumyzyň Bitaraplyk toýy örän ähmiýetli waka bolup, hoşniýetli goňşuçylyk, ähli halklar bilen dostlukda hem agzybirlikde ýaşamak hakyndaky halkymyzyň asylly meýlini Ýer ýüzüne jar edýär.

Nurmuhammet ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com