Slide
Slide
previous arrow
next arrow


Žurnalistiň sahypasy

«Agro-Pak Türkmenistan — 2023»: ykdysady kuwwat artýar

02-12-2023 / 16

Bilşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň 28 — 30-njy noýabrynda paýtagtymyzda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň «Agro-Pak Türkmenistan — 2023» atly halkara sergisi geçirildi. Sergide Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň kompaniýalarynyň, hususy telekeçileriniň 90-a golaýy öz önümlerini görkezdiler. Ýurdumyzyň Oba hojalyk, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrlikleri bilen bir hatarda, Azerbaýjandan, Eýrandan, Germaniýadan, Moldowadan, Niderlandlardan, Russiýadan, Türkiýeden we Özbegistandan gatnaşyjylar halkara sergide öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Olarda innowasion tehnologiýalara we nou-haulara üns çekildi.

Türkiýäniň kompaniýalary dürli gaplaýjy maşynlaryny, iýmleri garyşdyrmak üçin gurallaryny, ekiji, ýygyjy, ideg ediji tehnikalaryny, ösümlik ýagyny öndürýän maşynlaryny, guradyjy ulgamlaryny tanyşdyrdylar. Russiýaly telekeçiler ýyladyşhanalaryň, maldarçylyk hojalyklarynyň gurluşygynda ulanylýan häzirki zaman gurluşlary we ekologiýa babatda alyp barýan işlerini görkezdiler.

Damjalaýyn suwaryş ulgamlary, ekinleri goramak üçin mineral dökünler, tohumlaryň we önümleri gaplamagyň, olary belgilemegiň dürli görnüşleri bilen tanyşdyran daşary ýurtly işewürleriň diwarlyklary aýratyn gyzyklanma döretdi. Serginiň bir bölümi bolsa daşary ýurtly önüm öndürijileriň konditer önümlerine, azyk goşundylaryna, tagam berijilerine bagyşlanypdyr. Şolaryň hatarynda «Baraka», «Shirin Asal», «Dolkem», «Beyza gida» ýaly kompaniýalar boldy.

Esasy bellemeli zat, hususy telekeçiler obasenagat toplumynyň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmäge, ilatyň ekologik taýdan arassa, dürli görnüşli azyk we witaminli önümlere bolan isleglerini kanagatlandyrmaga mümkinçilik berýän bazaryň we tehnologiýalaryň täze gazananlaryny ynamly özleşdirýärler. Şoňa görä-de, sergide görkezilen diwarlyklaryň hatarynda iri ýyladyşhana hojalyklary, guşçulygy, maldarçylygy, gök we bakja önümlerini, miweleri gaýtadan işleýän döwrebap toplumlar boldy.

Şu gezekki sergi ýurdumyzy mundan beýläk-de okgunly ösdürmäge, ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagyna gönükdirilen işlerde uly üstünlikleri gazanmaga täze itergi berjek möhüm waka boldy.

Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com