Slide
Slide
previous arrow
next arrow


SliderTehnologiýa

Ýylyň iň gowy 5 smartfony

01-12-2023 / 54

«Gazeta.ru»-nyň habar bermegine görä, mobile-review portalynyň awtory şu ýylyň dowamynda çykan smartfonlardan iň gowy bäş smartfonyň sanawyny mälim etdi.

Sanawyň ilkinji ornuny, ýagny ýylyň iň gowy smartfony diýlip atlandyrylýan «Samsung Galaxy S23 Ultra» eýeledi. Bu smartfonyň artykmaçlyklarynyň arasynda öndürijilik we awtonom iş wagty, ýokary derejede gyzmanyň bolmazlygy bellenilýär.

Ikinji orny flagman dizaýny, Leica-dan kameralary, öndürijiligi we suwdan goragy hödürleýän «Xiaomi 13T Pro» eýeledi.

Şeýle-de, sanawda üçünji orunda bahasy ortaça bolan «Realme 11 Pro+» jemleýär. Smartfon stile laýyk we özboluşly dizaýna hem-de ýokary hilli 200 Mp kamera eýe boldy.

Sanawda dördünji we bäşinji orunlarda «Infinix Note 30» we «Samsung Galaxy Z Flip5» eýeledi.

Nurulla MERETBAÝEW,
TOHI-niň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary taýýarlyk ugrunyň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Habara syn ýaz

This site uses User Verification plugin to reduce spam. See how your comment data is processed.
Başa dön tuşu
error: TürkmenGazet.com